Gonkongda täze Greater Bay Airlines sebit awiakompaniýasy döredilýär we ol özüniň ilkinji uçuşyny 1-nji oktýabrda amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Pekine ilkinji gatnaw milli baýramçylyga HHR-iň döredilmeginiň 72 ýyllygyna gabat getiriler diýip, “South China Morning Post” gazeti habar berýär. Bu barada finance.rambler.ru belläp geçýär.
Kompaniýa koronawirus pandemiýasy sebäpli giňden ýaýran çäklendirmeler bilen bagly awiasiýa pudagynyň ösüşi üçin çökgünlikli döwre garamazdan, işe girizmekçi bolýar. Başlangyç tapgyrda onuň awiaparky Boeing 737 seriýanyň üç uçaryny öz içine alar diýlip çaklanylýar.
Awiakompaniýanyň ýolbaşçylygy sentýabr aýynyň başynda zerur uçuş şahadatnamalaryny we howa gatnawy üçin ygtyýarnama almagy göz öňünde tutýar. Greater Bay Airlines Hytaýda we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 104 ugur boýunça ýolagçy we ýük gatnawlaryny ýola goýmagy maksat edinýär. 2025-nji ýyla çenli ol awiaparkyny 30 uçara, işgärler ştatyny 300 adamdan üç müň adama çenli giňeltmegi meýilleşdirýär.
Awiakompaniýany esaslandyryjylaryň biri Şençžende ýerleşýän Donghai Airlines-iň eýesi, işewür Bill Bongdyr. Ol başlangyç tapgyrda täze taslama 2 mlrd Gonkong dollaryny (258 mln dollar) maýa goýmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.