Gonkongda meşhur ýüzýän garbanyşhana gark boldy

Gonkongda meşhur ýüzýän garbanyşhana gark boldy

Gonkongyň iň belli garbanyşhanasy — Jumbo Kingdom atly ýüzýän köşk Günorta-Hytaý deňzinde suwa gark boldy. Bu barada TASS ýurduň RTHK radioýaýlymyna esaslanyp habar berdi.

Jahankeşdeleriň arasynda meşhur bolan garbanyşhana pandemiýa döwründe ýapylypdy. Ony Günorta-Aziýa şäherleriniň birine äkitmekçi boldular, 14-nji iýunda Jumbo Aberdin balykçylyk deňiz menzilini terk etdi, ol bu ýerde 46 ýyllap labyrda durdy.

Emma geçen ýekşenbede howanyň ýaramazlaşmagy bilen bagly ýüzýän restoran 1 müň metr çuňlyga gark boldy. Hadysada ejir çeken ýok. Jumbo Kingdom Gonkongyň esasy gözellikleriniň biridi, ol haşamlanan äpet köşgi ýatladýardy, hytaý äheňlerinde bezelendi, bir wagtda 2,3 müň myhman kabul edip bilýärdi.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýada Şa zenany II Ýelizawetanyň ýadygärligine bagyşlanyp hormatly dymyşlyk edildi
1800 KILOMETR ÝÜZEN TOP
“Seltigiň” üçlemesi
11.12.2018 | Ýurdumyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli täze binalar açyldy
“Seltigiň” 50-nji çempionlygy
Dokuzy düzüw “Seltik”