Gonkong ähli kowid-çäklendirmeleri aýyrýar

Gonkong ähli kowid-çäklendirmeleri aýyrýar

Günorta-Gündogar Aziýada kowide garşy berk çäklendirmeleri girizen ýurt bolan Gonkong indiki aýdan syýahatçylar üçin açylmagy meýilleşdirýär. Ýurt koronawirusa garşy göreşmek üçin kowid üçin položitel netijesi bolan bäş ýolagçy ýüze çykarylan gatnawlary-da ýatyrypdy. Bu barada Tourprom.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Ýöne syýahatçylar üçin şeýle düzgünler hereket eder: syýahatçylar howa menzilinde Covid üçin ekspress-synagdan geçmeli bolar. Hatda otrisatel netijesi bolanlar hem ýedi gün karantin üçin ýörite bellenen myhmanhana gitmeli bolar.

Hökümetiň aýtmagyna görä, “öňki düzgünler has berk bolup, dürli gatnawlaryň togtadylmagyna getiripdi we Gonkonga gaýdyp barýan adamlaryň ugurlaryna hem täsirini ýetiripdi. Koronawirus keseli bolan ýolagçylar sebäpli döwlet 10-dan gowrak gatnawy ýatyrdy. Olaryň arasynda Cathay Pacific, Emirates we Qatar Airways hem bar. Beýik Britaniýanyň we ABŞ-nyň awiakompaniýalarynda bu ýurda uçuşlar bes edildi.

Hünärmenleriň bellemegine görä, heniz Gonkong umumy tendensiýadan yza galýar. Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlarynyň köpüsi koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri çalt depginde aýyrýar.

Ýewropada koronawirus kem-kemden günüň meselelerinden ýitýär. Mysal üçin, ýakynda Portugaliýa örtük düzgünini we beýleki kowid çäklendirmelerini doly aýyrdy.

Ýene degişli makalalar

Taryhy üstünlige ýetip biler
Fransiýada çempion üýtgemedi
Sloweniýaly türgeniň “Tour de France” ýaryşyndaky taryhy ýeňşi
Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
Müsür BAE-den we Kuweýtden karz aldy