
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Täzeýol geňeşliginden Pälwan hoja gonamçylygyna barýan ýoly abatlamaga niýetläp, obanyň 20-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylaryndan adam başyna 30 manatdan pul ýygnalýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy aprelde sebitden maglumat berdi.
“Gonamçylyga barýan awtoulag ýoluna kerpiç bölejikleri düşelýär. Ulaglar ýagynly günlerde hem palçykda batman, gonamçylyga barar ýaly, okuwçylardan 30 manatdan pul ýygnalýar. Kimiň gurby çatsa, 200-300 manada çenli töleg geçirip biler’, ýol gurmak sogapdyr diýdiler” diýip, mekdep okuwçylary aýdýar.
Bu çäreler sebitde okuwçy ýaşlardan mekdepleriň abatlaýyş işlerine niýetlenip, pul serişdeleriniň ýygnalmagy barada Azatlyk Radiosynda çykan habarlaryň yz ýanyna gabat gelýär.
Ýatlasak, geçen hepdede günorta welaýatda çaga baglaryna gatnaýan körpelerden 150 manat, kiçi synp mekdep okuwçylaryndan 200 manat, ýokary synplardan 300 manat möçberinde maliýe serişdeleriniň hökmany talaplar boýunça ýygnalyp alynýandygy mälim bolupdy.
Şonda käbir ene-atalar özleriniň güzeran şertleriniň onsuz hem öwerlik däldigini aýdyp, bu talaplara garşylyk bildiripdiler hem-de mekdebe töleg geçirmekden ýüz öwrüpdiler.
Mekdep müdirleri ene-atalara pes çärýeklik bahalar’ bilen haýbat atypdylar.
Bir hepde çemesi wagt soňra, bir oba mekdebiniň administrasiýasynyň gonamçylyga barýan ýollary abatlamak işlerine-de okuwçylary çekip başlaýandygy mälim bolýar.
Türkmen hökümeti oba maksatnamalarynyň çäklerinde obalarda we etraplarda durmuş infrastrukturalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, maliýe serişdeleriniň bölünip berilýändigini aýdýar.
Şol bir wagtda, ýerli resmiler günorta sebitiň käbir obalarynda mekdepleri we ýollary abatlamak üçin okuwçylardan maliýe serişdeleriniň ýygnalyp alynmagy barada düşündiriş bermeýär.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Ahal welaýat häkimliginden, şeýle-de Tejen we Babadaýhan etraplarynyň ýerli häkimliklerinden resmi teswir alyp bilmeýär.
Obalarda we etraplarda gonamçylyklar köplenç ilatly ýerlerden sähel uzakda, obalaryň çetinde ýerleşýär. Gonamçylyklara barýan ýörite ýollar bolýar.
Ahal welaýatynyň Pälwan hoja gonamçylygyna barýan ýollara häzirki wagtda okuwçylaryň goşantlary bilen kerpiç düşemäge taýýarlyk görülýär.
Ýas çäreleriniň guramaçylygyAzatlyk Radiosynyň habarçysy oba ýerlerinde ýokary synplarda okaýan erkek okuwçylaryň soňky wagtlarda merhumlary jaýlamak işlerine, matam jaýlaryna, patalara-da çekilýändigini aýdýarlar.
“Bu ýagdaý obalardaky erkek göbekli adamlaryň, şol sanda harby gullukdan boşap gelýän ýaş ýigitleriň iş-eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmekleri, obada tabyt götermäge erkek göbekli adamlaryň galmandygy bilen düşündirilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylary sitirleýär.
Bulardan başga-da, ýokary synp mekdep okuwçylary özleriniň uly sadakalara, gonamçylyklara barýan ýollary abatlamak işlerine, ýollaryň gyralaryndaky haşal otlary aýyrmak işlerine-de çekilýändiklerini aýdýarlar.
Türkmen däp-dessurlarynda merhumy soňky ýoluna ugratmak çärelerine, şol sanda jynaza we ýas çärelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
“Geňeşlikde aradan çykýan adamlaryň patasyna, ýas çärelerine gatnaşjak erkek göbekli adamlar azalypdyr, köp adam iş gözleginde daşary ýurtlara, ýa-da beýleki şäherlere, welaýatlara gidipdir” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Azatlyk Radiosy ýurtda ykdysady şertleriň yzygiderli ýaramazlaşmagynyň jemgyýete, halk durmuşyna ýetirýän täsirleri barada yzygiderli habar berip gelýär.
Şeýle şertler ýurtda käbir däp-dessurlaryň berjaý edilşini hem gaýtadan şekillendirip başlady.
Ýatlasak, mundan ozal, Azatlyk ykdysady kynçylyklar sebäpli, toý däpleriniň hem, belli bir derejede, ykdysady şertlerden täsirlenmegi, ilat arasynda ozallar kabul ederliksiz hasaplanan käbir däp-dessurlara halk tarapyndan gaýtadan seredilip başlanmagy barada habar beripdi.
Habarçylarymyz şonda ýurduň günbatar sebitlerinde ilat arasynda alyp gaçyp, ýa-da gaçyp baryp durmuş gurýan ýaşlaryň köpelmegi barada habar berip, ýerli ýaşaýjylar bu ýagdaýy hojalyklaryň maliýe şertleriniň ýaramazlaşmagy bilen ilteşdiripdi.
Günorta welaýatyň oba ýerlerinde esasan erkek adamlaryň iş-eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmegi, ýas çäreleriniň guramaçylygyna-da täsir edýär.
“Bir tarapdan ýokary synp mekdep okuwçylaryna Baýram namazyna barmaklyk gadagan edilýär, beýleki tarapdan, olar ýas çärelerine köpçülikleýin çekilýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Türkmen jemgyýetinde ýokary synp okuwçylar özleriniň dogan-garyndaşlary aradan çykanda, onsuz hem, ýas çärelerine gatnaşýarlar. Ýöne Azatlygyň çeşmeleri soňky wagtlarda obalarda erkekler azalansoň, mekdep okuwçylarynyň köpçülikleýin häsiýetde, guramaçylyk bilen ýas çärelerine çekilip, olardan gonamçylyklara barýan ýollary abatlamak üçin pul serişdeleriniň ýygnalyp başlanandygyny aýdýarlar.
“Bizi Pälwan hoja gonamçylygynyň arassaçylyk işlerine gatnaşdyrýarlar, oglanlardan we gyzlardan haýyr-sahawat toplaýarlar” diýip, ýokary synplardaky okuwçylar aýdýar.
Täzeýol geňeşligi Tejeniň etrap merkezinden 20 kilometr çemesi demirgazykda ýerleşýär. Onlaýn kartlara görä, geňeşligiň demirgazyk-gündogar alkymynda ýerleşýän Pälwan hoja gonamçylygyna ýeke-täk ýol barýar.
Türkmenistanda dürli maksatlar bilen häkimiýetler tarapyndan, dilden görkezme esasynda, halkdan pul serişdeleriniň mejbury ýygnalyp alynmagy bilen bagly tejribeler ýyllarboýy saklanyp galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.