Gomel türkmenistanly futbolçyny gözden geçirýär

Gomel türkmenistanly futbolçyny gözden geçirýär

Belarus Respublikasynyň Gomel futbol topary şu günler Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Ahalyň futbolçysy Meýlis Diniýewi gözden geçirýär. Bu barada Janköýer habar berdi.

Ýarym goragçy Meýlis Diniýew Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen geçen ýyl Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşdy. Ýurduň ýaşlar ýygyndysynda bolsa ol üç duşuşyk geçirdi. 2022-nji ýylda Ahal bilen Türkmenistanyň çempiony bolan Meýlis Diniýew geçen ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda hem bir assist bilen oýnady.

Gomel Belarusyň çempionatynyň Ýokary ligasynda geçen ýyl 15 toparyň arasynda altynjy orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Moskwa: Ukraina bilen gysga wagtda ylalaşyga gelmäge taýýar
Zelenskiý rus wekiliýeti bilen Belarussiýa serhedinde şertsiz gepleşikleriň geçiriljekdigini belledi
Kreml: "Russiýanyň wekiliýeti Ukraina bilen gepleşikler geçirmek üçin Belarussiýa bardy" diýdi
Ukrainanyň Prezidenti Russiýa bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikler barada beýanat berdi
Happy Childhood