Golliwudyň aktýorlary kino surata düşmäge taýýar

Golliwudyň aktýorlary kino surata düşmäge taýýar

Wagtlaýyn ylalaşyklar golliwud aktýorlaryna prodýuserleriň bileleşigine girmeýän önümçilikçiler bilen hyzmatdaşlyk etmäge rugsat berýär diýip, Habar 24 ýazýar.

Netijede, meşhur kino aktýorlary garaşsyz kino we teletaslamalardaky surata alyş işlerine gatnaşyp bilerler. Bu olara käbir maliýe kynçylyklaryny çözmäge mümkinçilik berer.

Ýeri gelende ýatlatsak, ABŞ-nyň Kinoaktýorlar birleşigi 14-nji iýulda Golliwudyň kinostudiýalaryna garşy iş taşlaýyş yglan edipdiler. Şol döwürden bäri olar kinoda we reklamada surata düşmegi bes etdiler.

Ýene degişli makalalar

BBC: ylham berýän 100 zenan
Golliwudyň meşhur komediýalarynyň awtory aradan çykdy
Özbegistanly zenan dünýäniň 100 zenany sanawyna girdi
Aktýor Uill Smit 55 ýaşady
Enn Heteueý ýaş görünmeginiň syryny gürrüň berdi
Elli dokuz ýaşly Bred Pitt daşky keşbi bilen janköýerlerini haýran galdyrdy