Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy

Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy

Gollandiýaly uruş weterany Anton Notenbom 175 günde 3450 kilometri aýakýalaňaç geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada NL Times habarlar portalyna salgylanýan Report ýazýar.

Rekord Amerikanyň Missuri ştatynyň Sent-Luis diýen ýerinde hasaba alyndy. Öň bu ugurdaky üstünlik polşaly Pawl Durakewiçe degişlidi (Fransiýanyň we Ispaniýanyň içi bilen 3,409,75 km).

37 ýaşly Notenbomyň ýene 1700 kilometri Nýu-Ýorka çenli aýakýalaň geçmekçidigi aýdylýar. Ol 2-nji noýabrda Taýms-skwer meýdanyna barmakçy.

Gollandiýalynyň syýahaty 17-nji fewralda Kaliforniýadaky Santa-Monikada badalga aldy. Onuň baş maksady Los-Anjelesden Nýu-Ýorka çenli aýakýalaň ýöremekdir. Notenbomyň wekilleri onuň ýadandygyny we gyzgyn ýollarda ýöräp, aýaklarynyň gabarçyk bolandygyny aýdýarlar. Syýahatçynyň ýöreýän ugrunda howanyň derejesi Selsiý boýunça gündizlerine 35 gradusa ýetýär diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
Şweýsariýanyň Lindt şokoladynyň şowrumy Täze ýyla önümleriniň giň assortimentini taýýarlady
Santa şu gün ýola düşýär
Laplandiýada jahankeşdeler artýar
Madridiň merkezinde müňlerçe Aýazbabalaryň ylgawy geçdi
ÝAŞ SAZANDALARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIKLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI