Golland kompaniýalary Türkmenistana oba hojalyk sapary bilen gelmegi meýillşdirýärler

Golland kompaniýalary Türkmenistana oba hojalyk sapary bilen gelmegi meýillşdirýärler

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow golland kompaniýalaryna oba hojalyk pudagynda söwdany we halkara işewürligi ösdürmekde ýardam berýän “East-West Trade” halkara guramanyň ýerine ýetiriji direktory Mohammad Reza Maşadi bilen duşuşyk geçirdi. Şeýle hem duşuşyga ozal Gollandiýanyň Gazagystandaky ilçisi wezipesinde işlän we häzirki wagtda bu guramanyň geňeşçisi bolup işleýän Piter wan Lewen gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Mohammad Reza Maşadi şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň wekilleriniň Amsterdama saparynyň we türkmen bazary boýunça aýratyn forumyň üstünlikli geçirilendigini belledi.

Guramanyň ýerine ýetiriji direktory häzirki wagtda türkmen bazaryny öwrenmäge gyzyklanma bildirýän golland kompaniýalarynyň sanynyň artýandygyny aýtdy.Bu gyzyklanmanyň ösmegi, hususy pudagyň we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen türkmen wekiliýetiniň saparynyň netijesidir diýip, Mohammad Reza Maşadi belledi.

Guramanyň ýerine ýetiriji direktorynyň aýtmagyna görä, golland kompaniýalaryň iş ugurlary ýaşyl ýyladyşhanalar, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar we däneli ekinler ýaly ugurlara gönükdiriler.

Saparyň deslapky maksatnamasy Türkmenistanda oba hojalyk pudagyna jogapkär hususy pudak we döwlet edaralary bilen duşuşyklary guramagy, forum geçirmegi, ýokary okuw jaýlary üçin çykyşlary guramagy we degişli pudakdaky desgalara baryp görmegi öz içine alýar.

Bu başlangyç türkmen wekiliýetiniň Amsterdama amala aşyran saparynyň üstünlikli netijesinden soňra ýüze çykdy we bu çäre türkmen telekeçilerine oba hojalygynda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek üçin özboluşly mümkinçilikleri döretdi. Duşuşykda taraplar suw tygşytlaýjy tehnologiýalar we metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Gollandiýanyň dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin köp mümkinçilikleri bar, şolaryň arasynda oba hojalyk pudagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle saparlaryň guralmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge we dürli ugurlarda bilelikde işlemegiň täze ýoluny açmaga ýardam edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy

Ýene degişli makalalar

Golland kompaniýalary Türkmenistanyň oba hojalyk mümkinçiliklerini öwrendiler
“CAMCO Technologies” kompaniýasy türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýär
“CAMCO Technologies” kompaniýasy türkmen bazaryna girmäne gyzyklanma bildirýär
Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär
Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana saparyna garaşylýar
Rembrandyň iki nakgaşlyk eseri 14 million dollara satyldy