Golf oýnasyn Gurbanguly (Okyjylaryň döredijiliginden)

Golf oýnasyn Gurbanguly,Biz bolalyň janly diwar;Arasynda el çarpalyň, Sebäbi biz aç, bagtyýar!

Gygyralyň: “Şöhrat! Şöhrat!Soňsuz alkyş Arkadaga!”Goý, guwansyn özüne ol,Ýaňy altmyş ýaşan çaga!

Sakgally ýa sakgalsyzlar,Tans edeliň uly, kiçi;Diňlemäliň tankytlany,Näme diýmez ýanan içi?!

Goý, at çapsyn Gurbanguly,Bedewleri boş durmasyn;Arpa bolalyň atyna,KGB-sin küşgürmesin!

Baş egmek ýa dyza çökmekMilli adat boldy, meger?Mertebe ýok hiç türkmende,Arkadag bolmasa eger…

Golf oýnasyn Gurbanguly,Biz bolalyň janly diwar;Gygyralyň alkyş aýdyp,Sebäbi biz aç, berkarar!

Siz öz satiriki eserlerňizi, syýasy mazmunly degişme-ýomaklaryňyzy biziň saýtymyzdaky aragatnaşyk formasy arkaly-da, şu adres boýunça hem turkmen.initiative@gmail.com iberip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi gyzlaryň jinsi geýmegini, oglanlaryň sakgal goýbermegini gadagan etdi
Täjigistanda we Özbegistanda bilim alan daşoguzlylar MHM tarapyndan soraga çekilýär, olaryň sakgaly syrdyrylýar
Türkmen polisiýasy sakgal goýberen ýaş raýatlaryň sakgalyny syrýar
2022- türkmen zenanlarynyň gysaç astyna düşen ýyly
Eýran: Türkmensähra türkmenlerini koronawirus heläk edýär
Bagtyň salgysy
Türkmenistanda ýene-de sakgala garşy söweş güýçlenýär