“Goldwyn Pictures” esaslandyrylýar

1916-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Semýuel Goldwin bilen Edgar Selwin “Goldwyn Pictures” film studiýasyny döredýärler. 1924-nji ýylyň aprelinde “Goldwyn Pictures”-y amerikan işewüri Markus Low satyn alýar. Şondan gysga wagtdan soň “Metro Pictures Corporation” hem-de “Louis B.

Mayer Pictures” kinokompaniýalary bilen birleşdirilip, “Metro-Goldwyn-Mayer” esaslandyrylýar.Täze döredilen kompaniýada Goldwiniň ady geçýän hem bolsa, ol “Metro-Goldwyn-Mayer”-de hiç haçan işlemeýär, eýeçiligine we önümçiligine goşulmaýar.

Häzirki wagtda “Metro-Goldwyn-Mayer Studios, Inc.” (“Metro-Goldwyn-Mayer Pictures” hem diýilýär) dürli platformalarda filmleri we teleýaýlym gepleşiklerini taýýarlaýan we global derejede paýlaýan güýmenje kompaniýasydyr.

Ýene degişli makalalar

Gaýtadan ekranlaşdyryljak filmde Şwarsenegger surata düşmez
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Gülgün reňkli Barbi
5 milliard dollardan geçen animasiýalar seriýasy
Täze film
Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)