Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini

Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini

Gold Palace dükany hakyky gözelligiň muşdaklaryny Pomellato dünýäsine aralaşmaga çagyrýar. Gold Palace dükanynda kaşaň we häzirki zaman şaý-sepleri bilen dünýäde giňden tanalýan italýan brendiniň her bir zenanyň özboluşlylygyny aýdyň şöhelendirýän eksklýuziw kolleksiýasy hödürlenilýär.

Pomellato brendi 1967-nji ýylda Milanda döredijilikli, aýdyň we köpöwüşginli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan konserwatiw şaý-sepler dünýäsini janlandyrmak isleýän zergärler maşgalasynyň mirasdüşeri Pino Rabolini tarapyndan esaslandyryldy.Pino zenana aýratyn ýagdaýlar üçin diňe bir kaşaň göwheriň däl-de, eýsem gündelik dakynyp boljak şaý-sepleriň hem zerurdygyna oňat düşünipdir.

Prêt-à-porter filosofiýasyna eýerip, Rabolini bu brende moda dünýäsine gönükdirilen özboluşlylyk berdi, brendiň tiz özüni tanatmagyna hem-de diňe bir italýan dilinde däl, eýsem halkara bazarynda-da giň tanymallyga eýe bolmagyna mümkinçilik berdi.

Metaly az, daşlary köp — ine, şeýle usulda hem Pomellato gymmat we ýarym gymmat bahaly daşlaryň tebigy gözelligini hem-de reňkini görkezmegi maksat edinýär.

1996-njy ýylda Nýu-Ýorkda ilkinji Pomellato dükany açyldy. Häzirki wagtda brendiň eserlerini köp ýurtda — Ispaniýada, Italiýada, Portugaliýada, Taýwanda, Belgiýada, Ýaponiýada hem-de Monako Patyşalygynda we beýleki ýerlerde satyn alyp bolýar.

2001-nji ýyldan bäri — Pomellato Bütindünýä ýabany tebigat gaznasynyň italýan bölüminiň hyzmatdaşydyr. 2013-nji ýyldan başlap bolsa Pomellato Gucci, Saint Laurent, Bottega Veneta, Balenciaga, Gucci, Alexander McQueen we başgalar ýaly meşhur moda öýleriniň ösüşini dolandyrýan Kering halkara lýuks toparyna girýär.

Toparyň butikleri 120-den gowrak ýurtda wekilçilik edilýär, holdingiň 37 000-den gowrak hyzmatdaşy bolup, dolanyşygy 18 milliard ýewrodan ýokarydyr.

Pomellatonyň original dizaýnynyň hem özboluşly atlandyrylyşy bar: zenanlar bu bezegleri özleri üçin satyn aldylar.Zenan — Pomellato äleminiň merkezi nokadydyr.Zenanlaryň deňligi ideýasyny kompaniýa öz filosofiýasynyň özeninde goýdy.

Bu brend aýallar üçin okuwy, jemgyýetleşmegi we karýerany ösdürmegi höweslendirýär.Kompaniýanyň resmi web sahypasynda hereketleri bilen dünýäni üýtgeden suratkeşler, daşky gurşawy goraýjylar we hatda DJ-ler bilen köp sanly söhbetdeşlik bar.

Häzirki wagtda Pomellato meşhurlar we dünýädäki iň güýçli zenanlar — Anna Dello Russo, Jeýn Fonda, Keýt Blanşet, Laura Dern, Sandra Bullok we başgalar tarapyndan saýlanyp alynýar.Pomellatonyň ýüzi bolsa italýan moda blogçysy, model, dizaýner we owadan zenan Kiara Ferrani. Ýeri gelende bellesek, 2017-nji ýylda Forbes žurnaly ony moda pudagynda iň täsirli zenan diýip saýlady.

Her ýylda Pomellatonyň takmynan 80 sany täze modeli işlenip düzülýär.Kompaniýa önümleriň üýtgewsiz özboluşly stilini saklaýar: asuda, arassa zenan dünýäsi, reňkli altynyň öwüşginliligi, ýarym gymmat bahaly kaboşonlaryň parlaklygy. Şaý-sepler pudagynda Pomellatony original pret-a-porter diýip atlandyrýarlar — bu brend meşhur zergärçilik öýlerinden we köpçülikleýin sarp etmek üçin niýetlenen önümlerden tapawutlanýan aýratyn şaý-sepleriň arasynda bar bolan ýeri doldurdy.

Pomellato şaý-sepleriniň köpüsi köpçülikleýin öndürilýär we gündelik geýilýän eşikler bilen dakmak üçin niýetlenendir, ýöne adaty el işleri we ýokary hilli önümler her bir eseri özboluşly edýär.

Pomellato bezegleriniň her ýylda täze şaý-sepler kolleksiýasy öndürilýär. Ýöne olaryň arasynda rowaýata öwrülen kolleksiýalar has-da tapawutlanýar.Mysal üçin, bu Nudo kolleksiýasy — brendiň filosofiýasynyň doly beýanydyr.Bu brendiň iň ajaýyp we tanalýan kolleksiýasy her bir zenanda köp reňkli daşlaryň aýlawynda arzuw etmek we aýlanmak islegini oýarýar. Şeýle hem gaty lakoniki we häzirki zaman kolleksiýasy — Iconica bar.

Bu biri-biriniň üstüni ýetirýän iki garşylygy — kadaly, sada Milan stili bilen paýhasly, ýönekeý görnüşleri birleşdirýär.

Together kolleksiýasy hem çuňňur simwoliki mana eýedir. Ol adamlary birleşdirýän baglanyşyklary görkezýär, söýgini nygtaýar. Iň esasy zat hem, baglanyşyk bilen birleşdirilen iki altyn zolakdan ybarat bolan halkalar we bileziklerdir. Ýüzükleri açyk ýa-da gizlin baglanyşyklar bilen dakynyp bolýar, ol dolulygyna söýgi syryna yşarat edýär.

Gün düşüp duran gum mysaly göwher täsin şöhle saçýan ýagtylyk öwüşginini görkezýär — bularyň hemmesi Pomellatonyň ajaýyp eseri — täsin Sabbia (Gum) kolleksiýasy barada. Ol tylla şuglaly guma we ýakymly Gün nuruna baý bolan Italiýanyň iň owadan burçlarynyň ajaýyp kenarlaryndan ylham alyp döredilen.

Şu ýylda Pomellato şatlygy we şähdaçyklygy beýan edýän goşa taraply Pom Pom Dot şaý-sepleriniň täze kolleksiýasyny satuwa çykardy.Bu kolleksiýa gündelik hem gymmatly wagtyň geçmegi bilen syýahat etmegi başaran paspartu elementi — ilik barada gürrüň berýär.

Pomellato arhiwinde eýýäm bar bolan motiw döredijilik ylhamyna öwrüldi we soňra ysyrgalarda, bileziklerde hem-de gulakhalkalarda şekillendirilip, bu elementi şaý-seplere we talismana öwürdi.

Casa Pom Pom Dot taslamasynyň kömegi bilen, Pomellato 1967-nji ýylda döredilen wagtyndan başlap, modanyň taryhyny şu güne çenli yzarlaýar we 1956-njy ýyldan bäri meşhur düwme öndürijisi Secondo Stefano Pavese bilen hyzmatdaşlygy ösdürip gelýär.

Hemişe däp bolan gymmatly we rahat stiline wepaly bolup, Milan moda öýüni gündelik eşikler üçin niýetlenen ajaýyp şaý-sepler hödürlemekde öňdebaryjy hökmünde meşhur eden Pom Pom Dot kolleksiýasy gülgüne altyndan, perlamutrdan, malahitden hem-de göwherden ýasalan iki taraplaýyn görnüşdäki nepislik hakda gürrüň berýär.

Gold Palace dükany şu salgyda ýerleşýär: Berkarar SDAM, 1-nji gat.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
Meriç Sümen
Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Daşary ýurt metbugatyna syn