Gözsüz balyk

Gyzyl kitabyň sahypalaryndan

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ekspozisiýasynda Garlyk gowaklara bagyşlanan bölümçede örän täsin gözsüz balygyň fotosuratyny görmek bolýar. Bu teňňebalyk şekilliler toparyna degişli bolan Köýtendag körýalaňaç balygydyr.

Diňe Türkmenistanda däl, bütin Merkezi Aziýa boýunça seýrek duş gelýän bu balygyň muzeýde geljekde öz hakyky ululygynda taýýarlanan mulýažyny ýasamak meýilleşdirilýär.

1978-nji ýyla çenli bu gözsüz balyk ylym dünýäsine mälim bolmandyr. Balygy rus geology Wladimir Malsew tapýar. Moskwaly bu alym Köýtendagdaky Garlyk gowaklaryny öwrenmek maksady bilen 15 ýylyň dowamynda her ýyl Türkmenistana gelýär. Şol ekspedisiýalarynyň birinde Garlyk obasynyň golaýyndaky Suwly-oýuk kölünde bu täsin jandary görýär.

W.Malsew Garlyk gowaklaryna bagyşlanan “Arzuwlar gowagy, ykbal gowagy” atly kitabynda bu balyk barada şeýle ýazýar: “Yssy günleriň birinde biz suwa düşmäge gitdik.Ilki bilen biz Garabulakda ýerleşýän köle bardyk, emma ol ýerde kölege bolmandygy we adamlaryň köpdügi sebäpli gaýtmaly bolduk.

Elimizdäki karta boýunça bu ýerde ýene-de üç sany suwly oýugyň bardygyny anykladyk we Bulakderede ýerleşýän köli saýladyk.Bu köl örän arassa, dury, reňki gögümtil-ýaşyldy, emma suwy ajymtyk duzludy.

Suwuň içinde gurbaganyň çagasyndan we leňňeçlerden başga örän üýtgeşik köpsanly balyklara gözüm düşdi.Kiçi, ululygy barmak ýaly, gyzylymtyl-sary reňkde bu balyklar adaty görnüşde, käsi gapdal, başgalary başaşak ýa-da dikligine örän haýal hereket edýärdi. Üstesine-de, olar hiç zatdan gorkmaýardy.

Arkaýyn eliň bilen tutup boljagyny gözüm ýetdi.Men iki sany balygy elim bilen susup aldym we bu balyklaryň gözleriniň ýokdugy meni haýran galdyrdy”.

Tutan balyklary W.Malsew Moskwa ibermäge synanyşýar, emma dürli sebäpleriň netijesinde iberip bolmaýar. 1981-nji ýylda Köýtendaga gowaklary öwrenýän ekspedisiýa barýar.Alymlaryň arasynda spreliobiolaglar hem gatnaşýar.Olar şol balygy görmegiň arzuwyndady.

Emma ýarym ýylyň dowamynda bu balygy görüp bilmän gaýdýarlar.Diňe üç ýyldan soň Malsew birnäçe balygy SSSR-iň Ylymlar Akademiýasynyň Morfologiýanyň ewolýusiýasy we haýwanlaryň ekologiýasy institutyna tabşyrýar. Şol ýyl 1983-nji ýyl körýalaňaç balygynyň ylmy taýdan açylan ýyly diýip hasap edilýär.

Köýtendagyň körýalaňaç balygynyň beýleki balyklardan tapawutlykda, gözüniň düwünçekleri hem ýok.

Ylmy edebiýatlarda triglobiont balyklar (gowaklarda ýaşaýan) reňksiz hasap edilýär.Emma bu balygyň reňki gyzylymtyl-sary, sebäbi dokumalary pigmentsiz bolup balygyň gany görünýär.Ondan başga-da hemme balyklara mahsus bolan körýalaňaç balygyň teňňesi ýok.

Bu balygyň uzynlygy 3 sm-den 7 sm-e çenli ýetýär.Onuň arkasynda we guýrugyna golaý ýüzgüçleri bolup, guýruk ýüzgüji biraz oýulan.Burny süýnmek bolup turbajygy ýatladýar.

Tumşugy tegelek.Agzy örän kiçi we daşynda üç jübüt murty bar.

Körýalaňaç balygy Türkmenistanyň balyklarynyň arasynda täze görnüş bolup, ýurdumyzyň suw faunasyny köp ýyllaryň dowamynda öwrenen gidrobiolog I.W.Starostiniň hormatyna latynça “Troglobitis starostini” ady dakylýar. Bu at “Starostiniň gowak ýaşaýjysy” diýip terjime edilýär. Köýtendag körýalaňaç balygy hakyky triglobiont diňe gowaklarda ýaşaýan jandardyr.

2004-nji ýylda körýalaňaç balyklarynyň akwariumda saklamak we ylmy taýdan öwrenmek üçin 8 sanysy tutulýar. Emma bu balyklary öwrenmek başartmaýar, sebäbi olar uzak ýaşamaýar. Bu balyklary ösdürüp köpeltmek we ylmy taýdan öwrenmek örän kyn, sebäbi olaryň näme bilen iýmitlenýändigi belli däl we ýaşaýan suwunyň himiki düzümi örän üýtgeşik.

1985-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 1-nji neşiri çap edilýär we Köýtendag körýalaňaç balygy dessine kitabyň sahypasyna girizilýär. 2000-nji ýylda bolsa bu balyk Tebigaty goramagyň Halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilýär. Häzirki wagtda bu örän täsin balygy gorap saklamak üçin Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine hem goşuldy.

Enejan ALTYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri.

Ýene degişli makalalar

“Pariž 2024-e” gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi
Nowruz täze günüň, täzelenişiň toýy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýada saparda bolmagyna garaşylýar
HAÝWANAT DÜNÝÄSI BILEN BAGLY KEÇE NAGYŞLARY
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik...
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar