Onlaýn duşuşyklary gurnamaga mümkinçilik berýän tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen ýygnaklaryň belli bir bölegini dürli görnüşli sanly ekranlara seredip geçirýäris.Bu ýagdaý, şeýle-de günüň agramly bölegini kompýutere ýa-da telefonlara seredip geçirýän gözlerimize düşýän agramy ýokarlandyrdy.
The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, iýun aýynda geçirilen pikir soraşma gatnaşanlaryň 22 göterimi soňky 2-3 aýyň dowamynda gözlerine düşýän agramyň ýokarlanmagy bilen, görüş ukyplarynyň peselendigine ynanýarlar.Göz saglygy boýunça maslahatçy Daniel Hardimanyň aýtmagyna görä, ekranlaryň gözümize zeper ýetirýändigi ýalňyş düşünje bolup durýar.
Ekranlar howpsuz bolup, gözüň düýpli ýaramazlaşmagyna sebäp bolmaýarlar diýip, Hardiman belläp geçýär.
Sanly ekranlarda ýazgynyň göwrümini, ýagtylygyny we reňkini sazlap bolýandygy üçin kagyza garanyňda okamak has aňsat bolýar. Şeýle ekranlaryň göze zyýan ýetirýändigi baradaky düşünjeler gözbaşyny adatça, mawy yşyk söz düzüminden alýar. Soňky ýyllarda öndürilýän ekranlar Güne garanyňda has az mawy şöhle bölüp çykarýar.
Nireden görýänimiziň däl-de, eýsem, näme görýänimiziň saglygymyz üçin ähmiýetlidigine ünsi çekýän Hardiman, ýatmazdan ozal azyndan bir sagat öň ekranyň başyndan aýrylmalydygymyzy aýdýar.
Göze düşýän ýüki azaltmak üçin kompýuteriň ekranyny gözden 40-76 santimetr uzaklykda saklamak maslahat berilýär. Ýokarky bölegi gözüň derejesinde bolar ýaly ekran 10-20 dereje yza ýatyrylmaly. Şeýle hem stoluňyzdaky beýleki ulanýan enjamlaryňyzy ekrana golaý ýerleşdirmek maslahat berilýär.
Uzak wagtlap ekrana seredip oturmagyň gözümiziň tebigy ýagdaýyna tersdigini aýdýan Hardiman 20-6-20 kanunynyň ähmiýetine ünsi çekýär. Bu düşünje her 20 minutdan özümizden ortaça 6 metr uzaklykdaky islendik zada 20 sekuntlap seretmegi aňladýar. Hardiman bu hereketiň gözümize dynç berýändigini belläp, muňa goşmaça, ekrandaky harplaryň göwrümini ulaltmagy ekranyň ýagtylygyny sazlamagy maslahat berýär.
Bilermeniň aýtmagyna görä, gözümizi gyrpmagy hem ýatdan çykarmaly däl. Ekrana uzak wagtlap seredip oturmak gözümizi guradýar. Her gyrpamyzda, göz gabaklary görejiň ýüzüni täze suwuklyk gatlagy bilen üpjün edýär.
The post Gözi nädip goramaly? appeared first on Zaman Türkmenistan.