Gözellik tebigatdan başlanýar bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Gözellik tebigatdan başlanýar bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Ozal habar berşimiz ýaly, Bütindünýä poçta güni mynasybetli Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy tarapyndan Gözellik tebigatdan başlanýar ady bilen makala bäsleşigi yglan edilipdi. Oňa islendik ýaşdaky raýatlar gatnaşyp, türkmen, rus we iňlis dillerine ýazan makalalaryny hödürlediler. Bäsleşige onlarça makala hödürlendi.

Bäsleşigiň eminler topary tarapyndan iň gowy makalalaryň awtorlary yglan edilip, olar ýeňijiler hökmünde kesgitlendi. Şeýlelikde, birinji orna Aýnur Pirjikowa, ikinji orna Şamyrat Muhammetgurbanow, üçünji orna bolsa Arazbibi Toýlyýewa mynasyp boldy. Mundan başga-da, birnäçe makalalaryň awtorlary tapawutlanmagy başardylar. Ýeňijilere we tapawutlanan makalalaryň awtorlaryna gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy tarapyndan yglan edilen Gözellik tebigatdan başlanýar atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri üçin gyzykly gezelenç hem guraldy. Olar Aşgabatdan 140 kilometr Günbatarda ýerleşýän, ýagny Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Sünçe obasynyň ilersinde, Köpetdagyň owadan künjekleriniň biri bolan Kyrk gyz gowagyna gezelenç etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň toparlary Ýüpek ýoly rallisinde üstünlikli çykyş edýärler
Ýüpek ýoly rallisiniň bäşinji tapgyrynda Merdan Toýlyýewiň ekipažy pellehana ilkinji geldi
Ýüpek ýoly: sekiz tapgyrdan soň türkmen toparlary öňde barýar
Türkmenistan Belarusiýadan we Türkiýeden öz raýatlaryny alyp gaýtmagy meýilleşdirýär, bilim hakynda resminamalary tassyklatmak üçin kabul ediş nokadynyň salgysy üýtgedildi, Türkmenawtoulaglary agentligi IT tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaş gözleýär