Gözellik serişdeleleri haçan oýlanyp tapylypdyr?

Kosmetika grekçeden terjime edilende “gözellik sungaty” diýen manyny berip, bu barada miladydan 3 müň ýyl ozalky ýazgylarda gabat gelinýär.Mysal üçin, Müsürde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, şol döwrüň öz kremleriniň, sürmeleriniň we parfýumeriýalarynyň bolandygy hakda subutnamalar ýüze çykaryldy. Ýüze çykarylan tapyndylar gadymy müsürlileriň bezeg kosmetikalaryny ulanandygy baradaky hakykaty tassyklaýar.

Gadymy Müsürde gözellik kosmetikasyndan başga-da, dürli bejeriji kosmetikalar hem ulanylypdyr.Kosmetika baradaky ilkinji eser şa aýal Kleopatro tarapyndan ýazylýar we onuň başlangyjy bilen kosmetika önümlerini öndürýän kärhana gurulýar.

Müsüriň kosmetik serişdeleriniň taýýarlanyş usuly Gippokratyň eserlerinde hem duş gelýär, olaryň käbiri heniz hem Ýewropanyň halk lukmançylygynda giňden ulanylýar.Emma Müsür gözellik kosmetikasynyň ýoň bolan ýeke-täk ýurdy bolmandyr.

Gadymy Rimde hem kosmetika önümçiligine aýratyn üns berlipdir.Olar pudranyň deregine hek, kirpikler üçin sürme, gyzyl reňkli zülpleri has-da berkitmek üçin hyna ulanypdyrlar.Gözellik kosmetikasynyň saglyk üçin zyýanly döwürleri hem bolýar.

Renessans döwründe pudranyň düzüminde myşýak bolupdyr.XVIII asyrda gözellik kosmetikalaryny, esasan, ir-iýmiş we dürli otlar ýaly tebigy birleşmelerden ýasapdyrlar. Ýöne derman öndürýänleriň käbiri oňa simap we azot kislotasyny goşup, hata iş goýberipdirler we ony saglyk üçin howply serişdä öwrüpdirler.

Eýýäm, şol döwürlerde “Gözellik pida isleýär” diýen ýaly pähim döräp, şeýle serişdeleriň dowamly ulanylmagy ömri gysgaldypdyr.T.L.Wilýams häzirki zaman kosmetikasynyň atasy diýip hasap edilýär.Ol 1915-nji ýylda kirpik üçin niýetlenen tuş önümçiligini ýola goýup, şu günler hem “Maybelline” ady bilen giňden tanalýan serişdedir. Şondan bäri hem ten, hyna, pudra, al-gyrmyzy reňkler we äheňdeş kremler esasy gözellik serişdeleri hökmünde has giňden ulanylýar.

Häzirki zaman gözellik kosmetikasy peýdaly bolup, hünärmenler hemişe onuň düzümini kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler.Bu serişdeler sap gözellik täsirinden başga-da, kesel bejeriji häsiýete hem eýedir.Kosmetika ozal bolşy ýaly, ýene-de bolar.

Platonyň öz döwründe ýazmagyna görä, “Kosmetikasyz zenan, duzsuz nahar ýalydyr”. Şol nukdaýnazardan tebigat size tebigy gözellik bagyşlamadyk bolsa, onda siziň bu ýagdaýy düzetmäge mümkinçiligiňiz bar.

Taýýarlan Täzegül Ýusupowa,S.A. Nyýazow adyndakyTOHU-nyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Halal Expo 2024 halkara sergisi Türkmenistanyň telekeçilerini oňa gatnaşmaga çagyrýar
2,8 milliard dollara satyn alar
Berdimuhamedow krizis döwri Aşgabady abadanlaşdyrmagy’, Kosmetika merkezini gurmagy tabşyrdy
Türkmenistanda studentlere mobil telefonlary, Interneti ulanmak gadagan edildi
Dogry iýmitlenmek uzak ömrüň girewi
Dogry iýmitlenmek uzak ömrüň girewi