Gözelligiň nusgasy türkmen bedewi

Gözelligiň nusgasy  türkmen bedewi

Türkmen halky ençeme gymmatlyklary bilen dünýäde özüni tanadan halkdyr. Türkmen milli gymmatlyklarynyň biri-de ahalteke bedewi bolup, türkmen ýigitlerimiz ahalteke bedewlerine uly üns berýär. Çünki at türkmeniň ýüregi, toýlarynyň bezegi, halkyň buýsanjy, guwanjy, şöhrat-şanydyr. Olaryň nurana keşbinde mukaddes topragyň ezizligi, şöhratly pederlerimiziň yhlasy bar. Onuň deňsiz-taýsyz owadan keşbi ýurdumyzyň Döwlet Tugrasyny bezeýär.

Taryha ser salanymyzda, türkmen ahalteke bedewiniň geçen taryhy ýoluny, gelip çykyşyny ençeme taryhy çeşmeler, arheologik gazuw-agtaryş işleri subut edýär.Gadymy Parfiýa patyşalygynyň mesgen tutan ýeri bolan Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahalynda şirmaýydan ýasalan ritonlarda atyň keşbiniň, Goňurdepeden bedewleri seýislemekde ulanylýan bürünçden ýasalan surnaýlaryň, at heýkelleriniň, Köneürgençden syrçaly plitanyň ýüzünde gamyşgulak bedewiniň şekiliniň tapylmagy, taryhyň dürli döwürlerinde bedewlere goýulan sarpanyň alamatydyr.

Türkmen bedewi milletiň buýsanjy bolup, älem içre arzylanýar.Halk arasynda Atym bar ganatym bar diýilýär.Dal bedewler halkyň uçar ganaty bolup, maksat-myrada ýetirýär. Şonuň üçin hem halkymyz öz bedewini gardaşy, syrdaşy, ýarany, dosty saýýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň arzysy has-da artýar.Aýlawlary baglaýan bu bedewleriň ýyndamlygy döwrümiziň ösüşleriniň badyna deňelýär.Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Gözelligiň nusgasy türkmen bedewi atly baýramçylyk sergisi guraldy.

Sergide muzeýimiziň gaznasynda saklanylýan Türkmenistanyň halk suratkeşi I.Işangulyýewiň Toýçy, Kowumdaş, Pyýada, P.Gapançaýewiň Turan bilen Wepalynyň dostlygy, Ýa.Kolobaýewiň Bedew ýaly nakgaş eserleri görkezilýär.Bu ýerde ahalteke bedewiniň gadymy at esbaplary, bezeg şaýlary bilen birkemsiz bezelen keşbi aýratyn ünsüňi çekýär. Şeýle hem, ahalteke bedewiniň gadymy at esbaplary bolan eýer, üzeňňi, gamçylar, uýan toplumy, serkeç we nal, bezeg şaýlaryndan göwüsbent, gözlük, maňlaýlyk, boýunlyk, doga bagy hem sergide öz beýanyny tapýar.

Sergide at bezeg şaýlarynyň irki ýasalan asyl nusgalary bilen bir hatarda, häzirki döwrebap nusgalary özara sazlaşykly beýan edilýär.Halydan dokalan at ýapynjalary, at köýnekçesi, at içirgisi, eýerlik, keçe önümleriniň görkezilmegi sergini has-da baýlaşdyrýar.

Bu ýerde ussat zergärlerimiziň döreden türkmeniň ahalteke bedewlerini wasp etýän, döwrüň bedew bady bilen ösüşlere barýandygyny alamatlandyrýan birnäçe zergärçilik eserlerini hem görmek bolýar.Serginiň dowamynda, türkmen bedewiniň keşbi halyçynyň çitimlerinde, nakgaşyň owadan reňklerinde, heýkeltaraşyň nepis sungatynda aýdyň beýanyny tapýar.

Ýene degişli makalalar

Energiýa Ammarlamada Täze Tehnologiýalar
BSGG: güýçli ses saglyk üçin zyýanly
Iň gadymy elipbiýi tapdylar
Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýolumyza şamçyrag
Alkogol sarp etmek bilen saçlaryň dökülmeginiň arasynda arabaglanyşygyň bardygy ýüze çykaryldy
Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi