Gözel şähere döredijilik gezelenji

Gözel şähere döredijilik gezelenji

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine ýurdumyzyň halypa suratkeşleriniň döredijilik gezelenji geçirildi.

Bu medeni-döredijilik çäresine gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň gözelliklerini synladylar. Gezelenje çykan döredijilik topary Arkadag şäherindäki Taryhy we medeni seýilgähe, Arkadag ýadygärligine, Akhan binasyna hem-de beýleki medeni dynç alyş zolaklara baryp gördüler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde kemal tapan “akylly” şäheriň çäklerinde ýerleşýän her bir desga döredijilik işgärlerine ajaýyp şäheriň gözel tebigatyny, döwrebap gurluşygyny wasp edýän täze-täze eserleri döretmekde çäksiz ylham berip, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

“Köneürgenç” ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Gün energiýasy bilen işleýän gämi
Taryhyň jümmüşine syýahat
Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bilen gezelenç guraldy