24-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda bolan konsertde ajaýyp ak mermer merjen şäherimiziň, şu ýyl 140 ýyllyk ýubileýini bellеýän paýtagtymyzyň adyna aýdym-saz bilen mähir-muhabbet, söýgi sözleri aýdyldy.
Aşyklar we ylham şäheri, özgertmeler ýüregi we parahatçylyk döredijiligiň paýtagty Aşgabada bagyşlanan konserti özbaşdak aýdym aýtmak kafedrasynyň talyby Gözel Hojaýewa açdy. Ol Sapa Sapaýewiň sözlerine, Omar Igamowyň sazyna türkmen paýtagtyna ýürekden çykýan söýgi sözlerini aýtdy.
Konserwatoriýanyň akapella topary tembral köp sesde gözel binalary, ajap gülli aýmançalary, zümerret seýilgäh zolaklary, kümüşsow çüwdürimleri bilen haýrana goýýan mähriban şäherimiziň reňme-reň gözelligini wasp etdi.