Tehnologiýanyň ösmegi durmuşymyzda uly ýeňillik döreden hem bolsa, kompýuter, telefon, telewizor ýaly enjamlaryň öňünde köp oturmak göze oňaýsyz täsir edip bilýär.Esasan hem, ýagty saçýan enjamlara uzak wagtlap yzygiderli seretmek gözüňi ýadadýar.
Bulardan başga-da kadaly iýmitlenmezlik ýaly sebäpler hem göze oňaýsyz täsir edip bilýär.Eýsem, göze peýdaly iýmitler haýsylarka, gözümizi goramak üçin nämeler etmelikä?Ine, olaryň käbiri:
Göze peýdaly iýmitleriň ilkinjileriniň hatarynda käşir, kädi, badat, pyrtykal, kelem, mango, gyzyl bolgar burç, gawun, erik, balyk ýagy, malina, ülje, ýertudana, kiwi, brokkoli ýaly miwedir gök önümler bar.
Şeýle hem düzüminde E witamini bolan pisse, bugdaý, günebakar çigidi, badam, awokado, ýumurtga, şalgam, dürli gök otlar, mekgejöwen, ysmanak, kädi çigidi, deňiz önümleri, gowrulan nohut ýaly önümler göz üçin peýdaly hasaplanýar.
A, C we E witaminleri göze peýdalydyr. A witamini garaňkyda gowy görmegiňize ýardam edýär, C witamini sizi ultramelewşe şöhlelerden goraýar we E witamini antioksidant häsiýeti bilen göze nepi degýär.
Şeýle hem balygyň düzüminde köp mukdarda bolýan Omega 3 hem göz üçin örän peýdaly hasaplanýar.
Pyrtykal bilen bir hatarda mandarin we limon ýaly beýleki sitrus önümleriniň, şeýle hem gök otlaryň düzüminde köp mukdarda C witamini bolýar. Bu önümler iýmitiň siňdirilip, beden üçin peýdaly maddalary öndürmegine ýardam edýär. Sitrus önümleri gözüň töweregindäki gan damarlarynyň sagdynlygyny üpjün edýär.
Ýumurtga diňe göz üçin däl, saçy we dyrnaklary hem iýmitlendirmäge ýardam edýär. Bu iýmitiň düzüminde Omega 3 we sink bar. Ýumurtganyň sarysynda göz üçin peýdaly hasaplanýan A witamini bar.
Gury ir-iýmişleriň düzümindäki B we E witaminleri öýjükleriň täzelenmegini üpjün edýär.
Süýt we süýt önümleriniň düzüminde A witamini bolýar. Süýdi halamaýan bolsaňyz gatyk, aýran ýaly süýt önümlerini içip bilersiňiz.
Bu iýmitleri halamaýan bolsaňyz olary has tagamly görnüşe getirip hem peýdalanyp bilersiňiz. Mysal üçin, käşiri halamaýan bolsaňyz, sykyp, suwuny içip bilersiňiz. Şeýle usullary çagalaryňyz üçin hem ulanyp bilersiňiz.
Şeýle hem günüň dowamynda suw ýa-da suwuk içimlikler içmek göz üçin peýdaly hasaplanýar. Kompýuterde işlenende mahal-mahal arakesme etmelidigini, mümkin bolsa arakesmede hereket etmelidigini unutmaň! Bilermenler kompýuterde işlenende her 20 minutdan 20 sekuntlyk arakesme etmegi maslahat berýärler. Şeýle hem yssy günlerde Gün äýneklerini dakynmak maslahat berilýär.
Göz saglygyny goramak üçin berilýän maslahatlaryň biri hem çilim çekmezlikdir. Sebäbi çilim gözüňi guradýar. Bu bolsa ýaşyň gartaşmagy bilen görejiňi peseldip, gan damarlaryny gataldýar. Bu ýagdaý ganyň kadaly aýlanyşyna oňaýsyz täsir edip, gözüňe zeper ýetirýär.
Lukmanlaryň bellemeklerine görä, ýokarda sanalanlar gündelik iýmit sanawyňyzda bolmaly iýmitler hasaplanýar. Bu iýmitler gözde käbir keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni alyp ýa-da gijikdirip biler. Saglygymyz üçin kadaly iýmitlenmek bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidigini hem unutmaň!