Göz basynjynda tebigy bejergi usullary

Göz basynjynda tebigy bejergi usullary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda göz basynjynda tebigy bejergi usullary hakynda käbir maslahatlary dykgatyňyza ýetirmekçi.

Göz basynjy “Glokom” atlandyrylýan göz hassalygydyr. Optiki myşsanyň funksiýasyny ýitirmegi netijesinde ýüze çykýar we howply hasaplanylýar. Gözüň içindäki basynjyň ýygy-ýygydan artmagy sebäpli emele gelýär. Gözüň içindäki basynç ýokarladygy saýyn; görüş giňişligi azalýar. Wagtyň geçmegi bilen hemişelik körlüge çenli baryp ýetýän ýitgileriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Göz basynjy umuman hemmeler üçin bar bolan howpdyr. Emma 40 ýaşdan ýokardaky adamlarda has giňden ýüze çykyp bilýär. Görüş duýgusyny duýdansyz we bilniksizden ortadan aýyrýan hassalyk, wagtynda bejerilmese görüş duýgusyny ýokary mukdarda ýok etdirýär.

Göz basynjy uzak ýyllaryň dowamynda ýüze çykýan, giçi-girim alamatlar bilen duýdurýan göz keseli hökmünde-de bilinýär.

Göz basynjynda tebigy bejergi usullaryndan käbirleri şulardan ybarat;

Göz basynjynyň bejergisi üçin peýdalanylýan tebigy bejergilerden biri hem pomidor suwy bilen edilýän glakom bejegisidir. 30 günüň dowamynda edilýän tebigy bejergi usuly göz basynjynyň aşakladylmagyna peýdalydyr. Her gün günorta naharyndan ortaça 1 sagat öň içilmek maslahat berilýär.

Pomidoryň suwy esasanda 35 ýaşdan ýokardaky adamlarda göz basynjynyň bejergisinde peýdalydyr.

Noýba, göz basynjy üçin hem peýdalydyr. Göz basynjyndan biynjalyk bolanlara hepdede azyndan 1 gezek noýba iýmek maslahat berilýär. Noýbanyň dürli görnüşlerde taýarlanyp iýilmegi peýdalydyr.

Gara baş oty, gaýnadylyp çaý hökmünde içilende göz basynjy üçin peýdaly bolýar. Gara baş otunyň çaýyny günde bir käse içip, göz basynjyny kadalaşdyrmak mümkin.

Göz basynjy hassalygy bolanlaryň kadaly görnüşde ysmanak iýmegi maslahat berilýär.

Melissa çaýy ganyň akyşyna gözegçilik edýän, damarlary ýumşadýan ösümlik çaýydyr. Melissa çaýyny kadaly içmek peýdalydyr.

Apelsin we sary reňkli gök önümler gözleriň sagdynlygy üçin ýeterlik mukdarda A witanyny üpjün edýär. Şol azyklaryň antioksidentleri hem ýokary mukdardadyr.

Zerdeçally çaý içmek ýa-da azyklary sarp etmek göz basynjyna peýdalydyr.

Göz basynjy keselliler yzgiderli görnüşde rezene çaýyny içip bilerler.

Kädi çigi, ysmanak, badam, künji, awakado, banan, nar, pomidor we şalgam düzüminde magneziý bolan önümlerdir. Gan damarlaryny rahatlandyryp, ganyň kadaly akmagyny üpjün edýärler.

Göze basyş edýän, reaksiýa emele getirýän azyklardan çetde durulmaly.

Kafeim, şeker ýaly azyklar glakom hassalygyna sezewar bolanlar üçin maslahat berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Göz basynjynda tebigy bejergi usullary
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Kädiden taýýarlanýan içgiler
Demir Ýetmezçiligi Anemiýasy