
Görnükli rus kinorežissýory Leonid Gaýdaýyň Göwher el atly meşhur komediýasynyň äheňleri boýunça film 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Russiýanyň ТНТ teleýaýlymynda görkeziler. Bu barada teleýaýlymyň metbugat gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Täze filmiň režissýorlary taslamada ýurduň kino ýyldyzlarynyň surata düşjekdigini, häzirki döwrüň ýörgünli meselelerine bagyşlanan degişmeleriň, şeýle-de aýdym-sazly görnüşleriň boljakdygyny wada berýärler.