Tebigatda ýaşaýan janly-jandarlaryň (hatda ösümlikleriň hem) duşmanlaryndan we beýleki howplardan goranmak üçin dürli ukyplary bolýar.Mysal üçin, ot iýýän toýnakly jandarlar uzakdan görýärler we ýyndam bolýarlar.
Bu häsiýetleri olara duşmanlaryny uzakdan görüp, gaçmaga mümkinçilik berýär.Käbir jandarlaryň bolsa daşky reňki ýaşaýan ýerine meňzeş bolýar.Isle çägelik bolsun, isle-de tokaýlyk, olar ýaşaýan gurşawyna şeýle bir meňzeş bolýarlar welin saýgarmak örän kyn bolýar.
Bu aýratynlyk diňe gury ýerde däl, eýsem, deňizlerde hem duş gelýär.Guşlaryň käbir görnüşlerinde hem şeýle aýratynlyk bolýar.Geliň, olaryň käbiri barada gysgaça maglumatlara ser salalyň!
Adaty baron. Kebelegiň bu görnüşi Şri-lankada, Hindistanda we Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynda gabat gelýär. Bu jandar liçinka wagtyndan başlap, ömrüniň ahyryna çenli ýaşaýan gurşawyna meňzeş şekilli we reňkli bolýar. Bu jandaryň ýanyna näçe golaýlaşsaňam ony görmek aňsat däl.
Içýan balyklar. Deňizleriň çuňluklarynda balyklaryň daşy tikenekli onlarça görnüşi ýaşaýar. Bu balyklar dürli öwüşgünli reňkleri bilen hem haýran galdyrýar. Bu jandarlaryň köpüsi zäherli bolýar. Şol sebäpli olara içýan balygy diýilýär. Bu jandarlar merjen rifleriniň arasynda gymyldaman duranlarynda gaýalaryň bir bölegine meňzeýärler.
Kindiwanja deňiz taýçanagy. Deňiz taýçanagynyň iň kiçi agzasynyň ululygy bary-ýogy 27 millimetre barabar bolýar. Reňki we kiçiligi olary ýyrtyjy jandarlardan goraýar. Bu jandar 2008-nji ýylda anyklanypdyr.
Çal akaýak. Baýguşuň kiçijik görnüşi bolan bu jandar diňe Awstraliýada gabat gelýär. Gündizine-de aw edýän bu jandar agaçlaryň köweklerinde ýaşaýar. Çal akaýagyň perleri agajyň gabygyna meňzeýär.
Ýaprakly deňiz taýçanagy. Bu jandara deňiz taýçanak-garagurumçysy hem diýilýär. Bu jandarlar Ýuwaş ummanynda, Awstraliýanyň günorta kenarlarynda ýaşaýarlar. Sarymtyl reňkli jandaryň ýaprak şekilli synalary onuň suwotularyň arasynda görünmezligini üpjün edýär.
Lentaşekilli kebelek. Güýäniň bir görnüşi bolan bu jandaryň Demirgazyk Amerikada 200-den gowrak görnüşi bar. Bu kebelegiň iki ganaty beýleki iki ganatynda düýbünden başga reňkli bolýar. Şeýlelikde, kebelek agaç gabygynyň üstünde aňsatlyk bilen göze ilmän durýar.
Daş balyk. Bu jandara zäherli daş balygy hem diýilýär.Bu jandaryň daşa meňzeýän bedeni ýagysyndan gaçmaga däl-de, aw etmäge kömek edýär.Täsin balyk Ýuwaş ummanynda, Hindi ummanynda, Gyzyl deňizde, Gündogar Afrikanyň kenarýakasyndan Fransuz Polineziýasyna çenli aralykda Ýaponiýanyň we Taiwanyň kenarýakalarynda ýaşaýar.
Bu balyk çal we goňur reňkli bolup, bedeninde ýaşyl, narynç we gyzyl ýerleri bolýar.Bu balyk aw etmek üçin diňe suwasty daşlaryň arasynda däl, eýsem, deňziň aşagyndaky gumlaryň arasynda hem gizlenip ýatýar.
Daş balygy akwariumda saklamak üçin hem amatlydyr. Şeýle hem bu balyk Gonkongda, Filippinlerde we Ýaponiýada iýmit hökmünde hem peýdalanylýar.
Guran ýaprak kebelegi. Aziýa ýurtlarynda ýaşaýan kebelegiň bu görnüşiniň ganatlary guran agaç ýapragyna meňzeýär. Esasan, Hindistanda we Ýaponiýada ýaşaýan kebelek şaha gonanda ganatlaryny açýar we şemala gymyldaýan ýaprak ýaly hereket etdirýär. Şeýlelikde, ony ýaprakdan tapawutlandyryp bolmaýar.
Tekiz guýrukly madagaskar gekkony. Süýreniji jandara ýaprak guýrukly madagaskar gekkony hem diýilýär. Bu jandarlar Madagaskarda we onuň töweregindäki beýleki kiçi adalarda agaçlaryň şahalarynda ýaşaýarlar. Olaryň uzynlygy 8 santimetrden 30 santimetre çenli aralykda bolýar. Gijesine daşary çykýan süýrenijiniň bedeninde ýaşyl we goňur tegmiller bolup, ony hereketsiz duran wagty guran agaç ýapragyndan tapawutlandyryp bolmaýar.
Osminog. Deňizdir ummanlarda ýaşaýan sekiz aýakly bu jandaryň müňlerçe görnüşi bar. Bu jandarlaryň köp görnüşi başga bir jandara öýkünip bilmegi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de reňkini hem üýtgedip bilýän osminoglar bar. Olaryň şekili ýaşaýan gurşawynyň reňkine meňzeýär.