Göroglyda satylýan un ilatyň talabyny ödemeýär’

Göroglyda satylýan un ilatyň talabyny ödemeýär’

Türkmenistanda agyr ykdysady krizisiň fonunda, ýurduň dürli künjeklerinde azyk gytçylygynyň dowam edýändigi we dükanlaryň öňündäki uzyn nobatlarda dawa-jenjelleriň hem ýüze çykýandygy barada täze maglumatlar gelip gowuşýar. “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri Daşogzuň Görogly etrabyndaky azyk dükanynyň öňündäki ýagdaýlary suratlandyryp, makala çap etdi.

Maglumatda nygtalmagyna görä, etrabyň azyk dükanynda bahasy degişlilikde arzan bolan, ýagny 1 haltasy 50 manatdan satylýan 1-nji hilli un peýda bolup başlapdyr.Emma, günde satuwa çykarylýan 200-250 halta unuň ilatyň talabyny ödärden bärden gaýdýandygy hem bellenilýär. “Uny satyn almak üçin düzülen sanawdaky adamlaryň sany getirilýän undan tas iki esse köp. Ähli kişä ýetmeýär.

Adamlar ätiýaç uny satyn almak üçin maşgalalary bilen gelýärler.Emma, satyjylar maşgalanyň beýleki agzasyna ikinji gezek uny satmaýarlar” diýip, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” maglumatynda belleýär.Neşiriň makala bilen birlike çap eden suratynda dükanyň öňünde, daşky howlusynda nobata duran onlarça adamy synlasa bolýar.

Bu mähellede nobata duranlaryň öz aralarynda, şeýle-de dükanyň söwdegärleri bilen häli-şindi dawa-jenjelleriň hem ýüze çykýandygy aýdylýar. “[Nobata duran] närazy adamlaryň arasynda goh-galmagallar döreýär.Nobata gözegçilik edýän polisiýa işgärleri, ýerli häkimligiň wekilleri dessine munuň öňüni alýarlar.

Häli-şindi ýüze çykýan dawa-jenjeller sebäpli, artykmaç ünsi çekmezlik üçin, unuň söwdasy dükanyň arka tarapyna geçirildi.Emma, goh-galmagallar goňşy köçelerde hem ýaňlanmagyny dowam edýär” diýip, makalada nygtalýar. Şol bir wagtda, Görogly etrabynyň ýaşaýjylarynyň ýurtda şu ýylyň hasabyna ýygnalan galla hasylynyň ykbaly bilen hem gyzyklanyp, söwdegärlere we ýerli häkimiýetlere beren sowallarynyň jogapsyz galýandygyna hem üns çekilýär. Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistan indi tapgyr ikinji ýyl döwlet tarapyndan planlaşdyrylan galla hasylyny dolup bilmedi; onuň netijeleri barada anyk sanlary hem mälim etmedi. Şeýle-de, ýakynda türkmen häkimiýetleriniň, birnäçe ýylyň içinde ilkinji gezek, Gazagystandan 100 müň tonna galla satyn alandygy barada habarlar peýda boldy.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda dowam edýän un we beýleki azyk önümleriniň gytçylygy, nobatlarda döreýän dawa-jenjeller, ýakalaşyklar barada dowamly maglumatlary berip gelýär. Öz gezeginde, ýurduň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdeleri bolsa, dowam edýän krizisi asla agzamaýarlar, tersine azyk bolçulygynyň dowam edýändigini nygtaýarlar.

Döwlet resmileri hem ykdysady kynçylyklary tassyklamaýarlar.Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilatyň naharlanmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine uýgunlaşmagy boýunça edilýän tagallalar barada gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan, Demirgazyk Makedoniýada Saparda Boldy
Alternatiw energiýa önümçiligi rekord derejä ýetdi
Türkmenistanda bankomatdan puly nagtlaşdyrmak boýunça 'hyzmatlaryň' görnüşleri artýar
Wodorod bilen işleýär
Täze akademiýanyň baýragy
Dünýäniň iri profsoýuz guramasy türkmen aktiwisti Gaspar Matalaýewi boşatmak boýunça tagallalara goşuldy