Göreş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky şertnama gol çekmek dabarasy boldy

Şu gün 16-njy awgustda Aşgabatda Göreş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky şertnama gol çekmek we Halkara Göreş Assosiasiýasynyň baýdagyny Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine gowşurmak dabaralary geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Halkara Göreş Assosiasiýasynyň başlygy Haýdar A. Farman we onuň orunbasary Ziýowiddin Hojiniýazow, dürli sport federasiýalarynyň, bölüm guramalarynyň wekilleri, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara Göreş Assosiasiýasynyň başlygy öz çykyşynda Aşgabatda geçiriljek Göreş boýunça dünýä çempionatynyň taýýarlygyna ýokary baha berdi.

Çykyşlardan soň taraplar dabaraly ýagdaýda Aşgabatda Göreş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada şertnamalara gol çekdiler we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna Assosiasiýanyň baýdagyny gowşurdylar.

Resminama görä, 2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki söweş sungaty sport toplumynda Göreş boýunça 14-nji dünýä çempionaty geçiriler. Sportyň bu görnüşi boýunça dünýä çempionaty biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýändigini bellemelidiris.

Geçen ýyl bu çempionat Hindistanyň Pune şäherinde geçirilip, onda 60 ýurduň wekilleri bäsleşdiler. Ýurdumyzdan 13 pälwan (7 erkek we 6 zenan) gatnaşyp, olaryň üçüsi medallar bilen dolandylar.

Türkmenistanyň toparyndan, 48 kilograma çenli agram derejesinde, kümüş medaly Lebap welaýatynyň esasy bedenterbiýe we sport bölüminiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýşirin Haýdarowa gazandy, bürünç medallara bolsa, Lebap welaýatynyň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýnur Amanowa (52 kg çenli agramda) we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aziz Kurbanowa (78 kg çenli agramda) dagylar eýe bolupdular.

Ýene degişli makalalar

Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Owganystan Sil Betbagtçylygyna Garşy Göreşýär
Terrora garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär