Göreldeli çagalary we ýetginjekleri robototehnika we programmirleme boýunça tölegsiz synag sapaklaryna çagyrýar

Göreldeli çagalary we ýetginjekleri robototehnika we programmirleme boýunça tölegsiz synag sapaklaryna çagyrýar

Göreldeli bilim merkezi 7-nji iýulda robototehnika we IT-programmirleme boýunça tölegsiz synag edip görmek sapaklaryny geçirýändigini habar berýär. Bu çäre 5 — 18 ýaş aralygyndaky çagalara hem-de ýetginjeklere niýetlenendir. Robototehnika boýunça sapaklar ROBBO franşizasy boýunça geçiriler.

5 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar robototehnikanyň we shemotehnikanyň esaslary bilen tanşyp bilerler.

13 — 18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin bolsa öz oýunlaryny ýa-da web sahypalaryny döretmäge mümkinçilik berjek IT-programmirleme boýunça sapaklar geçiriler.

Synag sapaklary ýekşenbe gününe, ýagny 7-nji iýula meýilleşdirildi:

• 13:00-13:45 • 14:00-14:45 • 15:00-15:45 • 16:00-16:45 • 17:00-17:45 • 18:00-18:45

Bilim merkezi ýerleriň sanynyň çäklidigini we sapaklara diňe deslapdan ýazylyp gatnaşyp bolýandygyny ýatladýar.

Sapaklara ýazylmak we goşmaça maglumat almak isleýänler Göreldeli bilim merkezine şu aşakdaky telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilerler:

• (+993 71) 14 17 80 • (+993 71) 14 17 81 • (+993 71) 14 17 82 • (+993 12) 48 61 20 • (+993 12) 48 61 43 • (+993 12) 48 61 45

Bu çäre çagalara we ýetginjeklere häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyşmaga hem-de robototehnika we programmirleme dünýäsinde ilkinji ädimlerini ätmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Ýene degişli makalalar

Göreldeli bilim merkezi synag sapaklaryna çagyrýar
Göreldeli bilim merkezi ýaş zehinlere gapylaryny açýar
Robotlar çagalara iňlis dilini öwreder
Aşgabatdaky Robototehnika bilim merkezi okuwlar bilen tanyşlyk sapaklaryna tölegsiz gatnaşmaga çagyrýar
25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär
27.09.2020 | Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar