Göreldeli bilim merkezi ýaş zehinlere gapylaryny açýar

Göreldeli bilim merkezi ýaş zehinlere gapylaryny açýar

Göreldeli bilim merkezi dürli ýaşdaky we dürli ugurlar bilen gyzyklanýan çagalar üçin özüne çekiji okuwlara kabul edişlik yglan edýär.

IT programmirlemäniň 13 18 ýaş aralygyndaky ýaş höwesjeňleri üçin kodirlemegi özleşdirmek, şeýle hem saýtlary, oýunlary we web programmalaryny döretmek mümkinçiligi döredilýär.

Göreldeli Halkara Robbo klubynyň wekili bolmak bilen, 5 12 ýaş aralygyndaky çagalara robototehnika dünýäsine aralaşmak üçin gapylaryny açýar.

7 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalara awiamodelirleme okuwlary garaşýar. Okuwyň dowamynda olar uçardaky howpsuzlyk düzgünleri, awiagurluşygyň esaslary we aerodinamika bilen tanyşarlar. Ähli döreden uçarlaryňyzy ýanyňyz bilen alyp bilersiňiz!

Okuw döwründe çagaňyz diňe bir nazary bilimleri özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, olary iş ýüzünde ulanar.

Welaýatlardan ähli isleg bildirýänler hem okuwlara gatnaşmaga çagyrylýar.

Orunlaryň sany çäklidir, şonuň üçin çagaňyzyň zehinini ösdürmek mümkinçiligini elden gidirmäň!

Okuwlara aşakdaky telefonlar arkaly ýazylyp bilersiňiz:

• +99371141780

• +99371141781

Salgysy: Atatürk köç., 61.

Ýene degişli makalalar

Göreldeli bilim merkezi synag sapaklaryna çagyrýar
Göreldeli çagalary we ýetginjekleri robototehnika we programmirleme boýunça tölegsiz synag sapaklaryna çagyrýar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar
27.09.2020 | Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar
27.09.2019 | Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary