1964-nji ýylyň 19-njy awgustynda NASA “Syncom 3” (synchronous communication satellite) atly aragatnaşyk hemrasyny uçurýar.Ilkinji geostasionar aragatnaşyk hemrasy bolan bu enjam şondan iki aýdan soňra Ýaponiýanyň paýtagty Tokýoda geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň göni ýaýlym arkaly tomaşaçylar köpçüligine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Şeýle hem emele hemra arkaly beýleki ähmiýetli wakalar, ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilýän duşuşyklar göni ýaýlym arkaly köpçülige ýetirilýär.