Gökdepe gyrgynçylygyna 141 ýyl boldy, Aşgabat erkinlik ugrundaky söweşi ýatlamaýar

Gökdepe gyrgynçylygyna 141 ýyl boldy, Aşgabat erkinlik ugrundaky söweşi ýatlamaýar

Türkmenistanda patyşa Russiýasynyň Merkezi Aziýa sebitine gurnan basybalyjylykly ýörişleriniň çäginde Gökdepe galasynyň synyp, onuň müňlerçe goragçysynyň, şol sanda gala partladylandan soň galanyň içinde galan we guma tarap gaçan asuda adamlaryň wagşylarça gyrlyp öldürilen gününe şu gün, 12-nji ýanwarda 141 ýyl bolýar, emma ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe ýurt boýunça resmi ýagdaýda bellenmeli edilen Hatyra güni indi Aşgabatdaky hökümetiň karary esasynda, gyrgynçylygyň bolan gününde däl-de, eýsem Türkmenistanda 1948-nji ýylda bolan Aşgabat ýer titremesinde ýogalanlaryň Matam güni bilen goşulyp, 6-njy oktýabrda bellenilýär.

Türkmenistanda Gökdepe galasyny goranlaryň we watan ugrundaky beýleki söweşlerde gurban bolanlaryň Hatyra güni 2014-nji ýylda, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan, sebäbi düşündirilmezden ýatyryldy.

Türkmenistanyň rus patyşasynyň basybalyjy goşunlary tarapyndan basylyp alnyşy baradaky hakykat ilki sowet ýyllarynda berk ýaşyrynlykda saklanan bolsa, bu taryhyň dogruçyl beýan edilmegine girizilen ikinji gadaganlyk ýurduň ikinji prezidentine degişli.

Tas 110 ýyllap inkär edilenem bolsa, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwary türkmen taryhyna bir tarapdan erkin türkmençiligiň gutaran güni, ikinji tarapdan basybalyjylara garşy gahrymanlarça göreşilen güni hökmünde girdi. Şol gün, galanyň düýbüniň partladylan ýerinde azyndan 700 adamyň ölendigi aýdylýar.

Rus goşunlary aala ýarylandan soň aýgytly hüjüme geçipdirler we öz ýurduny goran ilaty biruçdan gyryp başlapdyrlar. Aljyran adamlar guma tarap gaçyp başlanda, ätiýaçda duran toply-ýaragly otrýadyň başynda duran Skobelewiň özi kowga ýolbaşçylyk edipdir.

Ýazyjy Nargylyç Hojageldiýewiň ýazmagyna görä, şonda bosgunlaryň yzyndan pyýada goşun 10 wýorste çenli, atly goşun bolsa 15 wýorste çenli kowalap gidipdir. Olar bosgunlaryň iň gür ýerlerini topa tutupdyrlar.

Türkmenleriň gaçyp barýan ýoly çaga, aýal-erkek jesedinden dolupdyr. Kowguçylar diňe mazaly garaňky düşüp, bosgunlaryň hatarlary gowy seýrekländen soň yzlaryna dolanypdyrlar.

Galanyň gündiz sagat 12-den 20 minut işlände, günortan partladylandygyny göz öňünde tutsaň, gaçyp barýan ýaragsyz ilatyň näçe sagatlap gyrgyna berlenini hasaplamak kyn däl.

Rus harby işgärleriniň özleriniň, Kuropatkin, Maslow, Wereşagin ýaly adamlaryň bu gyrgynçylyk barada galdyran ýazgylary türkmenleriň aýal, çaga diýmän gyrylandygyny görkezýär. Grodekowyň ýazmagyna görä, Skobelew Gökdepede şeýle gyrgynçylyk etmegi entek Peterburgdaka ýüregine düwüpdir.

1881-nji ýylyň 20-nji fewralynda Skobelewiň hut öz eli bilen ýazmagyna görä, bosgunlaryň yzyndan kowulanda çagadyr aýal-erkek 8 müň adam öldürilipdir. Muny beýleki rus harby işgärleriniň ýatlamalary hem tassyklaýar diýip, Nargylyç Hojageldiýewiň “Gökdepe galasy” oçerkinde aýdylýar.

1-nji Gökdepe urşunda türkmenler 3 müň çemesi adam ýitirip, ruslary ýeňen bolsalar, ikinji Gökdepe urşundaky gabaw mahalynda 7 müň adam ýitiripdirler.Diňe galanyň alnan güni hem onuň içinde şonça adam öldürilipdir.

Skobelewiň ekspedision otrýadynyň baş wraçy O.Geýfelderiň ýazmagyna görä, gala alnanda onuň içinde 7 müň jeset bar ekeni.Ol ýene şonçarak jesediň galanyň diwarlarynyň düýbünde çala ýere duwlanandygyny ýazypdyr.

Galanyň ilaty urşuň soňky günlerinde hatda ölülerini jaýlamaga-da ýetişmändirler. Grodekow bilen Kuropatkin käbir öýlerden jaýlanmadyk 10-15 jeset tapandyklaryny ýazypdyrlar. Türkmenleriň özleri gabaw döwründe hem galanyň alnan güni öldürilen adamlaryň sanyny 20 müň hasaplapdyrlar. Wepat bolanlaryň arasynda Hanmämmet atalyk, Orazmämmet han, Dykma serdaryň ogly Akberdi han dagy hem bar eken.

Gala ýykylan güni 3 müňden gowrak aýal-gyz ýesir alnypdyr. Gaçyp giden adamlar yzlaryna gaýdyp geler ýaly, ruslar ol naçarlary zamun hökmünde saklapdyrlar.

Gökdepe galasyndaky gyrgynçylygyň näderejede wagşylyk bilen amala aşyrylandygyny gabaw günlerinde galanyň içine atylan oklaryň sany-mukdary hem görkezýär. Boýy 600 sažen, ini 360 sažen bolan, içinde 14 müň çemesi öý, oraça, çatma dikilen, 40 müňdenem köp adam jemlenen kiçijik galanyň içine 23 güne çeken gabawyň dowamynda 872 müň tüpeň oky, 12.400 top oky atylypdyr.

Diňe gala zabt edilen güni 5604 top oky, 224 raketa, pyýada goşun tarapyndan 273 müň, atly goşun tarapyndan 12.500 ok atylypdyr. N. Hojageldiýew öz taryhy oçerkinde, deňeşdirmek üçin, 900 gün dowam eden Leningrad gabawynda nemes basybalyjylarynyň şähere 148.478 top okuny atandygyny ýatlaýar.

Gala ýykylandan soň Skobelw dört günlük talaň yglan edipdir. 12-nji ýanwarda galanyň eteginde 227 ofiser bilen 6672 soldat jemlenen eken. Rus ofiserleri, aýratynam topçular köp haly talapdyrlarlar. Top okundan boşan gapyrjaklar halydan doldurylypdyr. Altyn-kümüş, şaý-sep, ruslar eline ilen zady talapdyr.

Peterburgdan, Moskwadan, Kawkazdan ofiserleriň aýallary hat ýazyp, ärleriniň halysyz gelmezligini berk talap edipdir. Maslow şol halylaryň bir çetiniň 1883-nji ýylda Pariždäki dükanlara baryp ýetendigini ýazypdyr. Grodekow gala alnanda talanan zatlaryň bahasyny 6.000.000 manat diýip kesgitläpdir.

Ruslar galadaky jesetleri jaýlamagy 500 sany kürt ýesirine tabşyrypdyrlar. Ýöne olar öli jaýlamagyň ýerine talaň bilen meşgul bolupdyr. Gelin-gyzlaryň altyn gulakhalkalaryny gulaklary bilen kesip, barmaklaryndaky kökenli ýüzüklerini barmaklary, goşarlaryndaky bilezikleri gollary bilen çapyp alypdyrlar.

Özüniňkiden hem beter wagşylygy gören Skobelew ahyry olary gala goýbermegi gadagan edipdir. Gulçulykdan boşan pars ýesirleri ozal tekeler tarapyndan gyrnak edilen gelin-gyzlarymyz diýip, türkmen gelin-gyzlarynyň iň gowularyny saýlap-seçip, Eýrana alyp gidipdirler.

Käbir pikirlere görä, türkmenleriň topuň garşysyna gylyç, gyrkylyk bilen çykmagy köre-körlükden, dünýä ýagdaýyny bilmezlikden başga zat däl. Türkmenleriň ýeňilmeginiň esasy sebäpleriniň biri olaryň dünýäden üzňe galanlygy bilen düşündirilýär.

Munuň üstesine, taryhçylaryň ýazmaklaryna görä, Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet han ýaly adamlaryň pikirlerini diňlemän, türkmenler duşmanyň peýdasyna bolan ullakan ýalňyşlyklara hem ýol beripdirler.

Aýdylmagyna görä, Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet han uruş baradaky maslahatda güýçleriň deň däldigini, türkmenleriň ýaragynyň ýokdugyny düşündirjek bolupdyrlar. Ýöne olaryň ruslar bilen gepleşik geçirmek, maşgalalary guma göçürmek hem eger gepleşikler başa barmasa, urşy kiçijik toparlara bölünip, gaça uruş alyp barmak ýaly degerli teklipleri ret edilipdir.

Olar galanyň salynmagy hem ilatyň bir ýere ýygnalmagy duşmanyň işini aňsatlaşdyrar diýipdirler.Emma maslahata ýygnananlaryň köplügi bu pikire garşy bolupdyr.

Gala ýygnanyp uruşmagyň tarapdarlary “ruslar yslamyň duşmany, türkmenler öz ýurduny tükeniksiz gan dökmek bilen juda gymmat satyn aldy, daş-töwerek açyk hem gizlin duşmandan doly, bu ýerden başga gidere ýer ýok, galanyň içinde ýurt gorap ölmeli, ýöne özümize agyzdyryk saldyrmaly däl” diýen delilleri öňe sürüpdirler.

Olar urşa garşy çykýanlary gorkaklar, ikirjiňlenýän nalajedeýinler, ýurda hem yslama dönüklik edýänler hökmünde görkezmäge synanyşypdyrlar.

Uruşmagyň tarapdarlarynyň iň esasy we güýçli delilleri ýurduň özbaşdaklygyny, türkmenleriň erkinligini gorap saklamak bolupdyr.

“Eger biz gaýduwsyzlyk bilen pugta dursak, öňki gezeklerde bolşy ýaly, ruslar bu gezegem yzlaryna gaýdarlar, eger gepleşiklere başlasak, gowşaklyk etsek, ýaýdansak, onda ruslar hemişelik galarlar hem bizi bar zatdan mahrum ederler, şonda biz näderis?” diýip, uruşmagyň tarapdarlary sorapdyrlar.

Maşgalalary gala ýygnamak pikiriniň aňyrsynda eger şeýdilmese, türkmenler uruşmaz diýen gorky hem bolupdyr.

“Goý, maşgalalarymyz hem biziň bilen bile heläk bolsunlar, barybir olar bizden soň olja bolarlar. Raýat bolmagyň nämedigini biz bu gün görmeli däl. Hatda dinibir halkdan hem onuň hökümdaryndan (Horezm) sütemden, paç-hyraçdyr kemsidilmekden başga gören zadymyz ýok...” diýip, urşuň tarapdarlary ruslaryň kawkazlylary gyrgyna berendigini mysal getiripdirler.

Hanmämmet atalyk özüniň ruslary halamaýandygyny, olaryň kimdigini Hywada görendigini, sebäbi ruslar bilen hywalylaryň urşuna gatnaşandygyny, özüniň watana-da, dini ygtykada-da garşylygynyň ýokdugyny, ýöne halkyň, maşgalalaryň ykbalyna nebsiniň agyrýandygyny aýdypdyr.

Türkmenleriň uruş baradaky maslahatynda sagdyn pikirlenip bilýän hem öz pikirini açyk aýtmakdan çekinmedik ýene bir adam Orazmämmet han bolupdyr.

“Ýurtlar hem halklar kasam bilen däl-de, top bilen, tüpeň bilen goranýarlar.Kasam, ant, soňam lebziňden dänmek ýurdy saklaman, gaýta weýran edýär...Eger siz bu gün öz guran toprak galaňyz bilen ruslara garşy durmak isleýän bolsaňyz, bu siziň ýer ýüzünde galdyran iň soňky keşdäňiz bolar...

Eger bu aňkasy aşan mähelläniň, aklyny aldyran adamlaryň gepine gitsek, biz ähli emlägimizem, özümizem heläk ederis.Men bu kasamyňyzy kabul etmeýärin, sizi-de beýle etmekden saklanmaga çagyrýaryn” diýip, Orazmämmet han watany kasam bilen goramak pikirine üzül-kesil garşy çykypdyr.

Ýöne onuň bu sözleri diňlenmändir. Tersine, Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygy dinden dönmekde, ruslara satylmakda aýyplapdyrlar we maslahat biragyzdan uruşmaly diýen netijä gelipdir.

Şol ýeriň özünde-de başgaça pikirlenýänlere görülmeli çäreler kesgitlenýär we “öz obalaryny hem tirelerini bulaýan aýry-aýry aksakgallary, olaryň obasyny talamaly, ruslar bilen gatnaşyk saklaýan Dykma serdaryň obasy Börmäni talap, ondaky maşgalalary Gökdepä göçürip getirmeli” edýärler.

Çulba baýyň öýüni ýumurmaly, Köşi obasyny weýran etmeli diýen karara gelinýär. Netijede, müň atlydan ybarat ýörite topar Börme obasyny talandan soň, ikirjiňlenýänleriň hemmesi gala jemlenip başlaýar. Şu wakalardan soň ähli halk bolup kasam etmek baradaky mesele öz-özünden çözülýär we märeke ilki bolup Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyň kasam etmegini talap edýär.

“Sen bir akmak halk ekeniň. Özümiň akmak bolanym üçin däl-de, seniň akmak bolanyň üçin men şu kasamy kabul edýärin, şu ýerde-de ölerin. Özüňe abatlyk islemeýän bolsaň, senem ölmegi başar” diýip, Orazmämmet han kasam kabul edende aýdypdyr.

Hanmämmet atalyk bolsa, Gurhanyň gapdalyndan geçende, ýagny kasam içende “Men size Atalygyň namart däldigini subut ederin. Dinden çykan biz däldiris, dinden çykan akmak halky nähak ýola iterýän adamlardyr” diýipdir.

Gökdepe urşy barada aýdylýan tankydy pikirleriň arasynda uruş taktikasyndan bihabar din wekilleriniň öz köre-körlükleri bilen halky aňsatja gyrgyna berendigi baradaky pikirem galman gelýär. Muňa delil edip, Gurhandan kasam edip uruşmaly diýen karara gelnende Kerimberdi işanyň oýnan roluny, soň, ikinji Gökdepe urşunda, 7-nji ýanwarda Gurbanmyrat işanyň oýnan roluny ýatlaýarlar.

Mysal üçin, Skobelew podpolkownik Ýomudskini üç adam bilen üstlerine iberip, “uruşmak isleýän bolsaňyz, aýallaryňyzy hem çagalaryňyzy bir galadan çykaryň” diýip teklip edende, Gurbanmyrat işan ruslar aýallary hem çagalary ýesir aljak bolýar diýen pikiri öňe sürüpdir...

Synçylar Gökdepe urşunda goýberilen uly ýalňyşlyklaryň esasy sebäpleriniň biriniň biraz öň gazanylan ýeňiş bilen baglydygyny belleýärler.

Taryhy maglumatlara görä, birinji Gökdepe urşunda, 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda ruslar galanyň demirgazyk-günbatar tarapyndan hüjüme geçipdirler. Şol söweşe ruslar tarapyndan 3024 adam gatnaşypdyr. Ýöne olara galany almak başartmandyr. Şol gün ruslar 453 adam ýitiripdirler. Türkmenler 600 berdanka olja alypdyrlar.

Gökdepe taryhyny rus arhiwlerine gidip öwrenen Nargylyç Hojageldiýewiň pikirine görä, olja alnan ýaraglaryň öldürilen ruslaryň sanyndan köp bolmagy ýa ölenleriň sanynyň azaldylyp görkezilendigini, ýa-da ruslaryň gorkup, ýaragyny taşlap gaçanlarynyň hem az bolmandygyny aňladýar. Şol söweşden soň ruslar yzyna gidýär. Ýöne olar şonda gitmek üçin däl, täzeden gelmek üçin gidipdi we türkmen hanlarynyň ýalňyşy şu ýerde ýatyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar tapgyr 10-njy ýyl Hatyra gününi resmi däl görnüşde ýatladylar
Halk hakydasy Gökdepe söweşini ýatlaýar
Syýasy repressiýalar we 'uzaga çeken üzňeligiň özleşdirilmedik' sapaklary
XIX asyr Günbatar žurnalistleriniň we syýahatçylarynyň galdyran ýazgylarynda Gökdepe söweşi
Türkmenistanyň Sowet mirasy: Lenin heýkeli we Sowet aňyýetiniň köpýyllyk täsiri
Dünýä Türkmenleri: 2021-nji ýylyň jemleri