Gökdepe, Gazawat pajygalaryny ýatlamazlyk kime peýda, nämä zyýan?

Gökdepe, Gazawat pajygalaryny ýatlamazlyk kime peýda, nämä zyýan?

Türkmenistanyň prezidenti 12-nji ýanwarda döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, ýene bir gezek ýurduň goranyş ukybyny hem-de milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini kämilleşdirmek meseleleri bilen gyzyklandy. Şu aralykda türkmen metbugaty ýene bir gezek Gökdepede pajygasynyň ýyl dönümini agzaman, deň bolmadyk söweşde watan topragyny gorap ölen adamlary, gyrgynçylygyň pidasy bolan asuda adamlary hatyralamak mümkinçiligini elden giderdi.

Diňe Gökdepe pajygasy däl, Türkmen metbugaty Gazawatda bolan agyr wakalary, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde Rus imperiýasyna garşy geçirilen köpçülikleýin portestleri, mejbury päleçiligiň pidalaryny hem ýatlamaýar.Emma türkmen metbugaty Orsýetde, aýdaly, rus prawoslaw buthanasynyň keramtly diýip yglan eden şahsyýetiniň Aleksandr Newskiniň doglan gününiň 800 ýyllygyna bagyşlanan resmi çäreler barada, Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen baglylykda, öz wagtynda habar bermegi unutmaýar. Şol bir wagtda-da prezident ýaşlara ýokary derejeli watançylyk terbiýesiniň berilmelidigini tekrarlaýar.

Azatlyk bu meseleler bilen baglylykda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýurduň taryhynda watan ugrundaky söweşlerde gurban bolanlary ýatlaman, taryhy söweşleri öwrenmän, watançy ýaşlary ýetişdirip bolarmy?

Hudaýberdi Hally: Elbetde, bu gaty kyn mesele.Belki-de, watan ugrunda baş berenleri ýatlaman, olary ýetişdirip bolmaz diýip pikir edýän, sebäbi munuň özi şol kolonial syýasatdan gelip çykýan netijeler.

Kolonial syýasatyň halkyň aňyna, düşünjesine agyr zarba urmagy netijesinde, emele gelen ýagdaý.Meselem, Gökdepe ýykylanda, “Watan elden gitdi” diýipdirler.Ol adamlarda Watanyň öz ellerinden, başga biriniň eline geçendigi baradaky pikir döräpdir. Ýadyňyzda bolsa ýazyjy Sapargeldi Annasähet Iner ogly wagtal-wagtal “Türkmeniň iň soňky Göroglusy Gökdepe söweşinde ölüpdir” diýerdi.

Belki, ol şeýledir.Belki, olaryň nesilleri, olary şol batyrlary gören adamlar galandyr, ýöne soňlugy bilen olary-da ýeke-ýekeden halkyň arasyndan saýlap alyp ýok etdiler.Meselem, A.

Gulmuhammedow, Wepaýew, Seýitbaý Öwezbaýew ýaly adamlary ýok etdiler.Soňra döwlet ýolbaşçylaryny, Türkmenistanyň häzirki durumyny esaslandyran adamlary ýokladylar. Şonuň bilen birlikde, olar milletiň Watana bolan söýgüsini, buýsanjyny ýok etdiler.

Biz Sowetler döwrüne gaýdyp gelsek, 90-njy ýyllarda men Baltika ýaka döwletlerinde Latwiýada boldum. Şonda bir ýerli ýazyjy Latwiýada ekologiki ýagdaýyň agyrdygy barada gürrüň berdi. “Deňiz hapalanýar, Baltika deňziniň kenarlary arassalanmaýar” diýdi.

Bir rus ýazyjysy bolsa: “Seniň bu aýdýanlaryň hiç zat, eger biz bu ýerleri Sibir bilen deňesek, onda siziň ýurduňyz gül ýaly” diýdi.Latwiýaly ýazyjy bolsa: “Biz Sibirde ekologiki ýagdaý zaýalanýar diýip, öz ýurdumyzy zaýalap bilmeris” diýdi.

Olarda öz Watanyna hem topragyna şolar ýaly uly söýgi bardy. Şeýle söýgi, gynansak-da, türkmenleriň, aýratyn-da soňky nesliň arasynda bolmady.Türkmenler öz ýurduna Watanyna parhsyz boldular.Hatda ýurduň paýtagty Aşgabady ýumrup durlar, hiç bir adam oňa garşy çykanok ýa-da “Bu edýäniň näme?” diýip soraýan ýok.

Meniň diýjek bolýanym, şol kolonial syýasatyň täsiri bilen adamlardaky watançylyk duýgy şeýle pes derejä düşdi. Şonuň üçinem ony ýaňadan galdyrmak häzirki hökümet ýolbaşçylaryna agyr bolsa gerek.

Azatlyk: Siz “Aşgabady ýumurýarlar” diýeniňizde, köne Aşgabady ýumurýarlar diýmekçi bolýarsyňyzmy?

H.Hally: Hut şony diýmekçi bolýan. Şäherler barada sirkulýar ösüş diýen bir kanun bar; şäher nämeden başlanýar, soň ol şäher nähili ösüşi başdan geçirýär. Şäheri bezeýän, onuň taryhyny saklaýan şol maglumatlar. Şol taryh hem Aşgabatdan ýok edildi.

Meselem, 1948-nji ýylda Aşgabatda iň agyr ýer yranmalardan biri bolup geçdi. Şol ýer yranmalardan hiç bir alamat galmady, ýogsa ýykylan jaýlar az däldi, hatda Opera we balet teatrynyň tomaşaçylar oturan bölegi ýykyp, gyzyl mahmally sahna-da galypdyr. Şolar ýaly ýadygärlikleri saklap bolardy, ýöne hiç birini saklamadylar. Şonuň bilen birlikde häzirki Türkmenistan döwletini guran adamlar G.

Atabaýewiň.N.Aýtakowyň ýadygärliklerini ýok etdiler.Muňa-da hiç kim sesini çykarmady.Gonamçylyklary ýok etdiler.Meselem, Aşgabadyň ortasynda Goçgarata atly bir garypja gonamçylyk bardy, şol gonamçylygyň töwereginden jaý täze mikroraýon gurup ýok etdiler. Şol ýerde nähili beýik adamlaryň ýatandygy barada halkyň hakydasyny hem hormatyny-da milletiň elinden aldylar.

Azatlyk: Hatyra gününe gaýdyp gelsek, öňki prezident S.Nyýazow döwründe hatyrasy tutulan watan goragçylarynyň Hatyra gününiň soňra tebigy hadysa sebäpli ýogalan adamlaryň matam gününe birikdirilmegini sebäbi näme?Bu ýerde, belki, Türkmenistan üçin möhüm syýasy sebäpler bardyr?

Belki, sebitara howpsuzlyk meseleleri bilen bagly, ýa-da Moskwanyň soňky döwürdäki meýilleri esasynda, Berdimuhamedow Nyýazowa garanda has daşa seredýändir?Meselä şu tarapdan seredip bolarmy?

H.Hally: Owaly bilen hut şol tarapdan seretmek mümkin, sebäbi Moskwa häzirki döwürde öňki imperiýany dikeltmekçi bolýar, ýagny takyk öňki imperiýany däl, ýöne şoňa meňzeş hem kybapdaş bir umumy syýasy birligi döredip, öz täsirindäki ýurtlary özüne garaşly etmek isleýär. Şol babatdan Moskwanyň alyp barýan syýasatyndan Türkmenistanyň gorkmagy tebigy zat, resmiler ondan gorkýarlar, şonuň üçinem Gökdepäniň Hatyra gününi bellemek meselesini aradan aýyrdylar, hamana, ony ýatlaryndan çykardylar.

Prezidentler S.Nyýazow bilen G.Berdimuhamedow barada aýdylanda, S.Nyýazow özüne “Türkmenbaşy” diýen at aldy.Ol şol ady ödemek üçin, halkyň milli duýgusyna aralaşmak, dünýä türkmenleriniň serdary bolmak isledi.

Ol öz halkyny beýige göterip, şonuň bilen birlikde “özümi-de beýgeldip bilerin” diýen umydy bardy. Ýöne G.Berdimuhamedowda olar ýaly arzuw ýok, ol başga ugurlardan özüne abraý alýar.

Meselem, at çapmak bilen ýa-da çapyşyk maşynlaryny sürmek, daş götermek, ýa-da pyçak zyňmak, onuň daşyndanam iň esasy höwesi agtygy bilen täze aýdymlary döretmek ýaly güýmenje bilen öz abraýyny beýgeltmek isleýär.

Iki prezidentiň höwesi birneme başgarak, ýöne ikisiniň hem iň ahyrky maksady diňe öz şahsyýet kultuny beýgeltmek.Olardan biri 75 metr belentlikdäki sütüniň üstüne çykan bolsa, beýleki dag depesindäki bir gaýanyň üstüne öz aty bilen çykdy.

Azatlyk: Sebitiň beýleki ýurtlarynda, şol sanda Orsýetde hem basybalyjy güýçlere garşy alnyp barlan goranyş uruşlary barada sapak geçirlýär. Watan ugrunda bolan uruşlaryň öwrenilmegi näme üçin gerek? Ýa bu häzir türkmenistanlylara o diýen zerur dälmi?

H. Hally: Bu Türkmenistan üçin gaty gerekli, öňde-soňra Türkmenistan şu meselä dolanmaly bolar. Öz watançylaryny, ýurdy söýýän adamlary ýetişdirjek bolsalar, şu meselä hökman dolanarlar.

Azatlyk: Eger gerek bolsa, Türkmenistanda şeýle sapaklar haçan geçirilip başlanar, bu barada çak-çeniňiz barmy?

H.Hally: Bu ýerde ýyllar barada bir zat aýtmak kyn, sebäbi häzirki döwürde ýagdaý birden özgerýär, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykýar. Şonuň üçinem taryhyň sapaklaryna üns bermek meselesiniň ýakyn geljekde bolmagy mümkin, onuň birnäçe ýyllap yza süýşürilmegi-de mümkin. Ýöne häzire çenli şol ugurda alamat ýok.

Meselem, basybalyjylara garşy göreş meselesinde Russiýanyň Aleksandr Newskiý adyndaky ordeni bar, şol orden bilen Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow hem sylaglandy.

A. W. Suworow adynda hem orden bar, olar öz 'gahrymanynyň' adyna şeýle ordenler döredýärler. Emma Türkmenistanda takyk bir alnan gahryman barada orden-medal ýok. Diýmek, şu tema berilýän üns örän pes.

Milletiň agzybirligi, ýene-de ýurdy goramak meselesine gaýdyp gelsek, hut şol Gökdepe gyrgynçylygynyň öň ýanynda türkmenler birleşip başlapdyrlar.Meselem, Garrygalada bolup geçen söweşde (1858 ý.) türkmenler birleşipdirler hem ýeňiş gazanypdyrlar.

Saragt galasynda bolan söweşde (1855 ý.) hem türkmenler birleşipdirler, netijede ýeňiş gazanypdylar.Hut şolar ýaly, Gökdepe söweşinde-de türkmenleriň köp bölegi birleşipdi. Şol güýç owal başda kolonial goşuna garşy göreşip bilipdir.

Şeýle agzybirligi, şeýle jebisligi halk arasynda ündemek üçin, taryh sapaklarynda onuň öwrenilmegi gaty zerur hem gerekli.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Daşkentde aklanylýan 'basmaçylar' Aşgabatda näme üçin ýatlanylmaýar?
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Dostlukly Zähmet dermanhanasy Aşgabadyň 15-nji tapgyrynyň ýaşaýjylaryna mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Baýba Braže Latwiýanyň DIM-niň täze ýolbaşçysy boldy