Gök çaýmy, gara çaý?

/* custom css */ .td_uid_19_60cbe442f0c25_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60cbe442f0c25_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Dürli ösümlikleriň ýapraklarynyň, gülleriniň, gabygynyň, baldaklarynyň ýa-da tohumlarynyň gaýnadylyp alnan içginiň görnüşine çaý diýilýär. Çaý gyrymsy ýapraklaryň fermentasiýasy bolup, olary guratmak ýa-da gyzdyrmak netijesinde alynýar. Çaýyň miladydan ozalky 2700-nji ýyllarda Hytaýda peýda bolandygy aýdylýar.

Gök we gara çaý şol bir ösümligiň ýapraklaryndan alynýar. Çaý ösümligine latynça Camellia sinensis diýilýär.Olaryň diňe gaýtadan işleniş usuly tapawutly bolýar.Geliň, gök we gara çaýyň tapawutlary barada maglumatlar bilen tanyş bolalyň: Gara çaýdaky kofeiniň mukdary gök çaýyňkydan has köp. Şeýle-de bolsa, köprak atylanda gök çaýyň tagamy has ajy bolup bilýär.

Gök çaý az fermentasiýasy sebäpli polifenollara baýdyr.Gök çaý berhiz üçin amatly hasaplanýar we bedende maddalaryň alyş-çalşygyny janlandyrýar.Suwdan soň iň köp içilýän içgi hasaplanýan çaý saglyk üçin hem peýdaly bolup, antioksidant aýratynlygy bilen ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar we bedende gorag funksiýasyna eýedir.

Her günde 3 käse çaý içýän bilen içmeýän adamlaryň arasynda barlag geçirilip, çaý içmeýän adamlarda ýürek agyry howpunyň 68% ýokarydygy ýüze çykaryldy.Gök çaý antioksidantlara baý. Şol sebäpli sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamlar gök çaý içýärler.

Gök çaý rahat uklamaga ýardam edýär, gara çaý bolsa düzüminde kofein barlygy sebäpli ukyny azaldýar. Çaý ýürek-damar saglygyny goramak üçin meşhur bolsa-da, düzüminde A, D we B12 witaminleri bar.

Kaliý we natriý ýaly minerallary bolan gara çaýyň ýapraklary önümçilik wagtynda has okislenýär. Çaý konditer önümleri iýlende iýmit siňdiriş ulgamyny gowşadýar. Ýürek kesellerinden goraýan gara çaý düwnük keselinden hem goramaga ukyply. 2014-nji ýylda geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde gara çaýyň köp sanly kesellerden goraýjy häsiýetiniň bardygy ýüze çykaryldy.

Yzygiderli çaý içilende süýji keseliniň ýüze çykmak ähtimallygy peselýär.Newrologik nähoşlugy azaldýandygy bilen mälim bolan çaý, huşsuzlygyň hem öňüni alýar.Lukmanlar çaýyň içgeçmäniň we ýürek bulanmanyň öňüni alýandygyny belleýärler.

Kofeine baý bolan çaý gan aýlanyşyny hem kadalaşdyrýar.Adamlaryň käsi gök çaýy halaýan bolsa, käbiri gara çaý içmegi gowy görýär.Biziň ýurdumyzda ertirlikde gök çaý bilen bir hatarda gara çaý hem köp içilýär.

Lukmanlar her gün azyndan 4 bulgur gara çaý içmegi maslahat berýärler.Gandaky şekeriň mukdaryny kadalaşdyrýan gök çaý holesteriniň peselmegine kömek edýär. Şonuň üçin gök çaý içmek süýji keselli adamlara maslahat berilýär.

Saglyk üçin peýdaly bioaktiw komponentlerden başga-da, gök çaý zehin funksiýalarynyň ösmegine-de peýdalydyr.Saklanylyş şertleri: könelişen çaýyň tagamy hem ýaramazlaşýar.Günüň şöhlesi düşmeýän salkyn ýerde saklanan çaýlar uzak wagtlap zaýalanmaýar. Çyglylykdan goralmadyk çaý ysyny ýitirip biler. Çaý ýiti ysly zatlaryň ýanynda saklanmaly däl.

Sebäbi bu önüm ýiti yslary özüne siňdirýär.

Ýene degişli makalalar

Öýken üçin peýdaly azyklar….
Sowukdan çaýrylan ellere tebigy bejergi usullary
Çereşnýa sapagynyň peýdalary
Saç goňayny aýyrmak üçin käbir tebigy teklipleri
Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg bolup çykdy
Kofe we palma ýagy ministrleri bellendi