Göçme sergi

Göçme sergi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarly ýylymyz uly üstünliklere beslenip geldi.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy, eziz Diýarymyzyň paýtagty ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň toý dabarasy şu ýylda geçiriler. Ýurdumyzyň şeýle dabaralara beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri tarapyndan muzeý gaznasyndaky halypa suratkeşleriň eserlerinden wagtlaýyn we göçme sergiler gurnalyp, ýurdumyzyň ösüşleri, taryhy, toý-baýramlary reňklerdäki owazlaryň we heýkellerdäki göwrümleriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milliligimizi, öwrenmek, goramak, sergilemek, wagz etmek, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watana, halkyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgini, buýsanjy ösdürmek baradaky tabşyryklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gurnalýan bu sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň, Durdy Baýramowyň, Ýakup Annanurowyň, Annadurdy Almämmedowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Gennadiý Babikowyň, Mämmet Mämmedowyň, Iwan Çerinkonyň nakgaş, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Babasary Annamyradowyň, Juma Jumadurdynyň, Ýedi Madatowyň heýkel eserleri sergilendi.

Reňklerdäki owazlar, heýkellerdäki göwrümler öz döwrüniň öçmejek taryhyny asyrlardan-asyrlara alyp barýan sungat dessanydyr. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarly ýylymyzda geçirilýän bu sergide asyrlaryň ýaňy, Garaşsyz, erkana-agzybir döwletiň ýeten belent sepgitleri öz beýanyny tapýar.

Ýene degişli makalalar

Çeperçilik sungaty muzeýiniň Nowruza bagyşlanan sergisi tomaşaçylarda baýramçylyk ruhuny oýarýar
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Aşgabat şäheriniň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi
Zehinler zehinler hakda: baýramçylyga bagyşlanan sergi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi
Ynsan saglygy gymmatly baýlyk
Ynsan saglygy gymmatly baýlyk