Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan “Türkmen-Owgan işewürler maslahatynyň” çäginde sişenbe güni, 5-nji martda geçirilen göçme birža söwdalarynda Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistan Respublikasynyň, Şotlandiýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Wirgin adalarynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň işewürleriň gatnaşmagynda, “EKO 93” kysymly ulag benzini, “KO-20” kysymly yşyklandyryjy kerosini, “Jet A-1” kysymly awiasion kerosini, “A-92” kysymly ulag benzini, garyşyk parafin gaçy, “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumy, "B" kysymly karbamid, “TPP D 30 S” kysymly polipropilen, “PS 400-G20-K” kysymly portlandsement we düz (float) aýna önümleri, ýüplükler, nah matalar (kreton, mitkal, ranfors, satin) we dürli ölçegli orta öwüşginli boýalan sütükli önümler şeýle-de el haly önümleri uly islege eýe boldy.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 33 million 318 müň 025,67 manada we 107 million 60 müň 661,74 ABŞ dollaryna deň bolan 71 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy