Godzilla 1.0 ak-gara reňkde ekrana çykar

Godzilla  1.0 ak-gara reňkde ekrana çykar

Režissýor Takasy Ýamadzaki tarapyndan ekranlaşdyrylan, uruşdan soňky döwürde Ýaponiýada peýda bolan meşhur mahluk barada gürrüň berýän Godzilla 1.0 filmi gara-ak reňkde ekranlara goýberiler. Bu barada TOHO prokatçysynyň resmi habarynda aýdylýar diýip, Kinonews.ru ýazýar.

Film öňdäki ýylyň başynda prokata goýberiler. Onuň reňkli görnüşi 2023-nji ýylda ekranlara çykyp, dünýäde köp kassa ýygymyny toplady hem-de äpet süýrenijä bagyşlanan iň girdejili taslamalaryň biri boldy.

TOHO prokatçysy Godzilla Minus Color (Godzilla reňksiz) atly täze nusganyň üstünde režissýor Ýamadzakiniň uzak wagtlap işländigini habar berdi.

Režissýoryň özi täze nusgany tomaşaçylaryň hakyky gorkyny başdan geçirmegi üçin taýýarlandygyny gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Meşhur filmiň 2-njisi 18 ýyldan soň surata düşüriler
Titanik 4K Ultra HD çözgüdinde çykarylar
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli film taýýarlanylýar
Režissýor Sapardurdy Annaýew Täze ýyl mynasybetli täze film surata düşürýär