Global haryt dolanyşygy iýul aýynda birden pese gaçdy

Global haryt dolanyşygy iýul aýynda birden pese gaçdy

Iýul aýynda global söwda akymlary iki aýlyk ösüşden soň birden pese gaçdy, bu energiýa göterijileri üçin bahalaryň ýokary bolmagy we öý hojalyklarynyň satyn alyjylyk ukybyny peseldýän göterim goýumlarynyň ýokarlanmagy esasynda harytlara bolan islegiň gowşandygyny görkezýär diýip, The Wall Street Journal habar berýär.

Global haryt dolanyşygynyň deslapky görkezijisi geçen aýa degişlilikde möwsümleýin düzedilişi göz öňünde tutmak bilen 2,8% pese gaçdy diýip, kapital.kz belleýär.

Geçen iki aýyň dowamyndaky ösüş COVID-19 sebäpli girizilen lokdaunlar ýatyrylandan soň Hytaýyň kärhanalarynda we portlarynda işjeňligiň gaýtadan dikeldilmegi bilen baglanyşyklydyr. Öý hojalyklarynyň isleginiň gowşamagy şu ýylyň ahyryna çenli we indiki ýyl söwda akymlaryny togtadar.

Dünýä boýunça satyn alyş menejerleriniň pikir soraşmasy eksport sargytlarynyň geçen aý pese gaçmagyny dowam etdirendigini we onuň iýul aýyna garanyňda has çalt depgin bilen bolandygyny görkezdi diýlip, makalada bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde iýul aýynda global haryt dolanyşygynyň görkezijisi 2021-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 7,3% ýokarlandy.

Deslapky görkezijileri hasaplamak üçin WSJ dünýäniň alty sebitindäki sekiz ýurtdan alynýan maglumatlary ulanýar.Bütindünýä söwda guramasynyň maglumatlaryna görä, umumylykda 2019-njy ýylda bu ýurtlara baha aňlatmasynda harytlaryň global eksportynyň 39,1%-i düşdi.

Beýleki döwletleri hasaba almak üçin WSJ her bir sebitiň paý ululygyna baglylykda masştablama koeffisiýentini ulanýar.

Ýene degişli makalalar

Honda we Nissan goşulyşmakçy bolýarlar
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
ExxonMobil Braziliýanyň kenarlaryndan nebit tapmady
WSJ: ABŞ-nyň Bäşinji flotunyň serkerdesi Aşgabatda gepleşik geçirdi
“Netflix”-iň abunaçylary artýar
WSJ: ABŞ-nyň Bäşinji flotunyň serkerdesi Aşgabatda gepleşik geçirdi