Global elektroulag satuwy artyşyny dowam etdirer

Halkara energiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli dünýäde elektroulag satuwy 17 milliona ýeter.Angliýanyň “Rho Motion” maslahat beriş kompaniýasynyň bilermenleri bolsa bu görkezijiniň 16,8 million boljakdygyny çaklaýarlar.

Umumy elektroulag satuwynda Hytaý öňdeligi eýeläp, bu ýurtda şeýle ulaglaryň 10 milliony satylar.Bu bolsa, bütin dünýäde müşderilere ýetirilen elektroulaglaryň 60 göteriminden köpüsiniň Hytaýda ýerlenjekdigini aňladýar.Bilermenler ýurtda elektroulag satuwyna islegi ýokary bolmagynda galjakdygyny we bu ýagdaýyň global elektroulag senagatyna saldamly goşant goşjakdygyny çaklaýarlar.

Soňky birnäçe ýyldan bäri bu ugurdaky tehnologiýanyň ösmegi netijesinde elektroulag satuwynda her ýylda 10 göterimden ýokary ösüş hasaba alynýar.Halkara energiýa agentliginiň maglumatyna görä, ýylyň birinji ýarymynda 7 million töweregi elektroulag satylypdyr.

Bu döwürdäki ösüş geçen ýylyň degişli döwründäkiden 25 göterim ýokary bolupdyr. Şol ulaglaryň 4 milliony hytaý bazarynda satylypdyr.Hytaý hasaba alynmanda dünýädäki ösüş 10 göterim bolýar.Maglumatlar Ýewropada bu ugurda birsydyrgyn ösüşiň hasaba alnandygyny, ABŞ-da elektroulag satuwynyň artýandygyny görkezýär.

Maglumatlara görä, 2030-njy ýyla çenli satylýan her iki ulagdan biriniň elektrik energiýasy bilen işleýän bolar. Şeýle köp elektroulagyň satylmagy bolsa zarýad beketlerinde hem maýa goýum goýulmagyny talap edýär. Bilermenler onýyllygyň ahyryna çenli bu ugra 1 trillion dollar maýa gönükdirilen ýagdaýynda elektroulaglara zarýad berilmegi üçin gerekli infrastrukturany döredip boljakdygyny belleýärler.

Bossanjemal Toýlyýewa, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Elektroulag satuwynda täze rekord
GARAKÇYLAR GAÝDYP GELÝÄR
Tutuşlygyna sensorly
“Ar alyjylar: müdimilik urşy” (Avengers: Infinity War)
Täze kinolar
“Garynja adam we ary” (Ant-Man and the Wasp)