
Türkmenistanda halkara ýol ulaglary pudagynda maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Türkmenistan Halkara ýol ulaglary bileleşigi (IRU) bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. IRU bu meselede Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlygy jemgyýeti (GIZ) tarapy bilen iş salyşýar.
Bu barada IRU halkara ýol ulaglary (TIR) we tranzit ulgamlarynyň müdirliginiň direktory Tatýana Reý-Belle salgylanyp, Trend habar berýär.
IRU-nyň wekili GIZ Türkmenistanda gümrük amallarynyň sanlaşdyrylmagyny goldamagy dowam etdirer diýip belledi.
Germaniýanyň ösüş gullugy bolan GIZ halkara hyzmatdaşlygy we bilim ulgamynda hyzmatlary hödürleýär.