Givenchy moda öýüne 70 ýyl boldy

Givenchy moda öýüne 70 ýyl boldy

Bu brendiň taryhy 1952-nji ýylda Ýuber de Žiwanşiniň Givenchy-ny esaslandyrmagy bilen başlandy. Ilkinji kolleksiýadan soň abraýly neşirler täze brende üns berip başladylar. Şonda New York Times “Ýuber de Žiwanşi özüniň ilkinji kolleksiýasy bilen bir gijede iň meşhur moda çagasyna öwrüldi” diýip ýazdy. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Ozal hukukşynaslygy öwrenen Ýuber de Žiwanşi 17 ýaşynda aklawçy karýerasynyň özi üçin däldigine düşünýär. Ol derrew Pariže göçüp, Inçe sungatlaryň mekdebinde dizaýn öwrenip başlaýar. Ol özüniň ilkinji kolleksiýasyny göçeninden 8 ýyl soň görkezdi.

1988-nji ýylda Givenchy markasy LVMH konglomeratyna satyldy. Şondan 7 ýyl soň, 1995-nji ýylda Ýuber de Žiwanşi öz brendini terk etdi.

Ýuber gidenden soň markanyň döredijilik müdiri ýaş britaniýaly dizaýner Jon Galýano boldy. 1996-njy ýylda Galýano Dior-a gidýär we onuň ornuny Aleksandr Makkuin eýeleýär. 2001-nji ýylda Makkuin hem Gucci moda öýüne geçýär.

Häzirkizaman pop-medeniýetinde Givenchy-nyň iň meşhur printleriniň biri Rikardo Tişi tarapyndan döredilen totweýlerdir. Givenchy-nyň häzirkizaman taryhynda iň meşhur çykyşlaryndan biri Megan Markl bilen şazada Garriniň 2018-nji ýylda bolan toýudyr. Megan markanyň döredijilik müdiri Kler Ueýt Keller tarapyndan ýörite döredilen ak köýnegi geýdi.

2020-nji ýylyň maý aýynda Givenchy-nyň döredijilik müdiri häli-häzire çenli bu wezipäni eýeleýän Mettýu Uilýams boldy.

Ýene degişli makalalar

Goşgular ýygyndysyny neşir etdirmekçi
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
Şazada Garriniň ýaşaýan şäherini sil basdy
“Financial Times”: 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlary
Jonni Depp bilen Ember Herdiň kazyýet işi hakynda film düşürdiler