Girdejisini 30 göterim artdyrar

Dünýäniň iň uly ýarymgeçiriji öndürijisi bolan Taiwanyň TSMC kompaniýasy şu ýylky girdejisini 30 göterim artdyrmagy maksat edinýär.Kompaniýanyň satuwy geçen ýyl 24,9 göterim ýokarlanypdyr.Kompaniýanyň bilermenleri telefon we kompýuter bazarynda pese gaçyşlygyň bardygyny, emma elektroulag ýaly beýleki ugurlardaky islegiň garaşylandan ýokary bolandygyny beleýärler.

TSMC ýylyň ikinji ýarymynda mundan ozal 17,6 milliard girdeji gazanmaga garaşýandyklaryny bellän bolsa, bu görkeziji soňra 18,2 milliard dollara ýetirildi.

Dünýäde emele gelen pandemiýa döwründe awtoulag senagatynda çip ýetmezçiligi ýüze çykypdy. Bu ýagdaý elektron enjamlara islegiň ýokarlanmagy netijesinde çipleriň esasan mobil enjamlaryny öndürýän kompaniýalara satylmagy bilen döräpdi. Şeýle bolansoň, bu meseläni aradan aýyrmak maksady bilen dürli kompaniýalar çip önümçiligine aýratyn üns berip başladylar. Hususy kompaniýalary bilen bir hatarda hökümetler hem çip önümçiligine goldaw berýärler.

Zuhra Matkarimowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýyn, Minnihanow Arkadag şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy, Türkmenistanda iň meşhur sürüjilik derejesi mälim edildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy hasapda öňde barýar
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hasabynda 62 medal bar.
18.09.2017 | Milli ýygyndymyzyň hasabynda 62 medal bar: 29 altyn, 21 kümüş we 12 bürünç