Microsoft we Alphabet kompaniýalarynyň girdejileriniň ýylyň ikinji çärýeginde artandygy mälim edildi.Degişli döwürde Microsoft-yň girdejisi 8 göterim artyp, 56,2 milliard dollara, Google-a eýeçilik edýän Alphabet-iň girdejisi 7 göterim köpelip, 74,6 milliard dollara ýetipdir.
Facebook, Instagram we WhatsApp ýaly brendlere eýeçilik edýän Meta-nyň girdejisi bolsa 11 göterim artyp, 32 milliard dollara ýetipdir.
Microsoft geçen ýylyň degişli döwründe 51,9 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Tehnologiýa kompaniýasynyň degişli döwürdäki arassa peýdasy bolsa, 20 göterim ýokarlanyp, 20,1 milliard dollara çykypdyr. Geçen ýyl bu görkeziji 16,7 milliard dollar bolupdyr.
Alphabet kompaniýasy bolsa, geçen ýylyň ikinji çärýeginde 69,7 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Kompaniýanyň arassa peýdasy aprel-iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15 göterim ýokary bolup, 18,4 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýyl bu görkeziji 16 milliard dollar bolupdyr.
Meta 2022-nji ýylyň degişli döwründe 28,8 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Kompaniýanyň arassa peýdasy 16 göterim artyp, 7,8 milliard dollara ýetipdir. Kompaniýa geçen ýylyň ikinji çärýeginde 6,7 milliard dollar arassa girdeji gazanypdyr.
Iýun aýynda Facebook-yň gündelik işjeň ulanyjylarynyň sanynyň hem 5 göterim artyp, 2,06 milliarda ýetendigi mälim edildi.