Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri

Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.

Ganyň düzümindäki gandyň azalmagyna, gipoglikemiýa diýilýär. Onuň ençeme sebäbi bar. Günüň dowamynda iýen azyklarynyz, fiziki hereketiňiz gandyň azalmagyna sebäp bolup bilýär.

· Wagtynda naharlanman halatyňyzda gaharjaňlyk, ynjyklyk, alada we beýleki ruhy näsaglyklary başdan geçirýän bolsaňyz,

· Nahar iýenden soň aýrylýan ysgynsyzlyk, güýçsizlik bar bolsa,

· Günüň dowamynda ýygy-ýygydan ýadaw duýýan bolsaňyz we ony şekerli kofe ýa-da çaý bilen aýyrmak islegi ýüze çykýan bolsa; gipoglikemiýa howpuňyz ýokarydyr.

Alma iýiň:

Almadaky petlin maddasy ganyň düzümindäki süýjini deňagramlaşdyrýar. Gipoglikemiýada bir alma iýmek bilen süýjüni kadalaşdyrmak mümkin.

Pomidor iýmegi ahmal etmäň:

Pomidor hem ganyň düzümindäki süýjini kadalaşdyryjy önümlerden biridir. Günüň dowamynda gandaky süýjüniň azalmagynyň öňüni almak üçin ertirlik naharynda çig pomidor iýmek maslahat berilýär. Aýratynam durmuşyň işjeň bolsa, günüň dowamynda pomidor iýmek ýadawlygyň öňüni alar.

Datly iýmek isleýänler üçin:

Az sanly hurma, kakadylan erik iýmek maslahat berilýär.

Bir datly çemçesi organiki bal:

Günüň dowamynda özüňizi ýadaw duýýan bolsaňz we nahar iýmäge wagt tapmasanyz, bir datly çemçesi bal bilen ganyň düzümindäki süýjüniň azalmagynyň öňüni amak mümkin. Bal, gujuryňyzy artdyrýän we gipoglikemiýany kadalaşdyrýan azyklardan biridir.

Süýt içmek peýdalydyr:

Ganyňyzdaky süýjüniň azalandygyny duýan pursadyňyzda bir käse süýt içmek özüňizi gowy duýmagyňyzy üpjün eder. Şular bilen bilelinde;

Naharlaryň arasynda uzak möhletli dok galmak we ganyň düzümizi kadalaşdyrmak üçin gatyk ýa-da çal iňňän peýdalydyr.

Gipoglikemiýa hassalygyndan goranmak ýa-da bejergi almak üçin taýýar ýa-da täze sykylan miwe suwundan daş durulmaly, gury miwe däl, eýsem ter miweler iýilmeli.

Gury bakja önümleri ganyň düzüminiň kadalylygyny üpjün ediji azyklardyr. Naharda gury bakja önümlerini iýmek maslahat berilýär.

Nahardan öň 1 käse we naharyň ýanynda 1 käse suw içiň. Şeýlelikde azyklaryň gana goşulma möhletini uzaldarsyňyz. Ol hem siziň ganyňyzdaky süýjüni kadalaşdyrar.

Awokado ganyň düzümindäki süýjüniň azalmagynyň öňüni alyjy alternatiwdir. Süýjüniň azalmagynyň öňüni süýji iýmek bilen däl, eýsem awokado bilen alyp bilersiňiz.

Gipoglikemiýadan biynjalyk bolan adamlaryň iýmitlenmede üns bermeli hususlary:

Ak çörek, kartoşka pýuresi, pitsa, palaw, datly, esasanda çörek we çörek önümleri az sarp edilmeli.

Kofe, çaý ýaly kafein mukdary ýokary bolan içgiler içilmeli däl. Kompotlar, sowuk çaýlar, konsentrirlenen miwe suwlary we kola hem-de birmeňzeş içgileri içmek maslahat berilmeýär.

Az we ýygy-ýygydan iýmek maslahat berilýär. Naharlanma möhletleri 2,5-3 sagatdan köp bolmaly däl. Wagtly wagtynda naharlanmak möhüm. Günde üç gezek naharlanmagy endik edinmeli.

Uglewoda esaslanýana iýmitlenme endiginden el çekmeli, belokly azyklaryň mukdary artdyrylmaly.

Gatyk, peýnir, ýumurtga, balyk, towuk, ýagsyz mal eti menýulara ýygy-ýygydan goşulmaly.

Taýýar, işlenen, gaplanan, doňdurylan azyklaryň ýerine ter we tebigy azyklar sarp edilmeli.

Fasol, nohut, merjimek ýaly azyklar, kepekli goşundysyz galla önümleri, miwe we bakja önümleri bilen iýmitlenmek maslahat berilýär.

Kadaly maşk etmeli, nahardan öň, aç garna agyr maşk etmekden çetde durulmaly.

Ýene degişli makalalar

Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Reflýuks
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri