Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.

Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.

Ganyň düzümindäki gandyň azalmagyna, gipoglikemiýa diýilýär. Onuň ençeme sebäbi bar. Günüň dovamynda iýen azyklarynyz, fiziki hereketiňiz gandyň azalmagyna sebäp bolup bilýär.

· Vagtynda naharlanman halatyňyzda gaharjaňlyk, ynjyklyk, alada ve beýleki ruhy näsaglyklary başdan geçirýän bolsaňyz,

· Nahar iýenden soň aýrylýan ysgynsyzlyk, güýçsizlik bar bolsa,

· Günüň dovamynda ýygy-ýygydan ýadav duýýan bolsaňyz ve ony şekerli kofe ýa-da çaý bilen aýyrmak islegi ýüze çykýan bolsa; gipoglikemiýa hovpuňyz ýokarydyr.

Alma iýiň:

Almadaky petlin maddasy ganyň düzümindäki süýjini deňagramlaşdyrýar. Gipoglikemiýada bir alma iýmek bilen süýjüni kadalaşdyrmak mümkin.

Pomidor iýmegi ahmal etmäň:

Pomidor hem ganyň düzümindäki süýjini kadalaşdyryjy önümlerden biridir. Günüň dovamynda gandaky süýjüniň azalmagynyň öňüni almak üçin ertirlik naharynda çig pomidor iýmek maslahat berilýär. Aýratynam durmuşyň işjeň bolsa, günüň dovamynda pomidor iýmek ýadavlygyň öňüni alar.

Datly iýmek isleýänler üçin:

Az sanly hurma, kakadylan erik iýmek maslahat berilýär.

Bir datly çemçesi organiki bal:

Günüň dovamynda özüňizi ýadav duýýan bolsaňz ve nahar iýmäge vagt tapmasanyz, bir datly çemçesi bal bilen ganyň düzümindäki süýjüniň azalmagynyň öňüni amak mümkin. Bal, gujuryňyzy artdyrýän ve gipoglikemiýany kadalaşdyrýan azyklardan biridir.

Süýt içmek peýdalydyr:

Ganyňyzdaky süýjüniň azalandygyny duýan pursadyňyzda bir käse süýt içmek özüňizi govy duýmagyňyzy üpjün eder. Şular bilen bilelinde;

Naharlaryň arasynda uzak möhletli dok galmak ve ganyň düzümizi kadalaşdyrmak üçin gatyk ýa-da çal iňňän peýdalydyr.

Gipoglikemiýa hassalygyndan goranmak ýa-da bejergi almak üçin taýýar ýa-da täze sykylan mive suvundan daş durulmaly, gury mive däl, eýsem ter miveler iýilmeli.

Gury bakja önümleri ganyň düzüminiň kadalylygyny üpjün ediji azyklardyr. Naharda gury bakja önümlerini iýmek maslahat berilýär.

Nahardan öň 1 käse ve naharyň ýanynda 1 käse suv için. Şeýlelikde azyklaryň gana goşulma möhletini uzaldarsyňyz. Ol hem siziň ganyňyzdaky süýjüni kadalaşdyrar.

Avokado ganyň düzümindäki süýjüniň azalmagynyň öňüni alyjy alternativdir. Süýjüniň azalmagynyň öňüni süýji iýmek bilen däl, eýsem avokado bilen alyp bilersiňiz.

Gipoglikemiýadan biynjalyk bolan adamlaryň iýmitlenmede üns bermeli hususlary:

Ak çörek, kartoşka pýuresi, pitsa, palav, datly, esasanda çörek ve çörek önümleri az sarp edilmeli.

Kofe, çaý ýaly kafein mukdary ýokary bolan içgiler içilmeli däl. kompotlar, sovuk çaýlar, konsentrirlenen mive suvlary ve kola hem-de birmeňzeş içgileri içmek maslahat berilmeýär.

Az ve ýygy-ýygydan iýmek maslahat berilýär. Naharlanma möhletleri 2,5-3 sagatdan köp bolmaly däl. Vagtly vagtynda naharlanmak möhüm. Günde üç gezek naharlanmagy endik edinmeli.

Uglevoda esaslanýana iýmitlenme endiginden el çekmeli, belokly azyklaryň mukdary artdyrylmaly.

Gatyk, peýnir, ýumurtga, balyk, tovuk, ýagsyz mal eti menýulara ýygy-ýygydan goşulmaly.

Taýýar, işlenen, gaplanan, doňdurylan azyklaryň ýerine ter ve tebigy azyklar sarp edilmeli.

Fasol, nohut, merjimek ýaly azyklar, kepekli goşundysyz galla önümleri, mive ve bakja önümleri bilen iýmitlenmek maslahat berilýär.

Kadaly maşk etmeli, nahardan öň, aç garna agyr maşk etmekden çetde durulmaly.

Ýene degişli makalalar

Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Reflýuks
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri