Ginnesiň 2024-nji ýyldaky neşirine giriziljek rekordlar mälim edildi

Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň geljek ýylky neşirine giriziljek rekordlar mälim edildi. Täze rekordsmenleriň arasynda dünýäniň iň uly öküzi”, “iň köp aýyjyk kolleksiýasy”, “iň uzyn buýra saçly oglan” ýaly jemi 2637 rekord bar. Kitaba girizilen rekordlaryň 80 göteriminiň täze we täzelenen rekordlardygy mälim edildi.

Kitaba girizilen täsin maglumatlaryň arasynda ABŞ-nyň Massaçusets ştatyndaky 13 ýaşly “Tommy” atly öküz hem bar. Dünýäniň iň uly öküzi bolan “Tommy” her günde 13 kilogram gury iým, 31 kilogram ot bilen iýmitlenýär, 114-151 litr suw içýär.

Amerikaly Nikolas Çerriwud bolsa, jemi 1234 sany aýyjyk oýnawajyny ýygnap rekordlar kitabyna adyny ýazdyrypdyr. 18 ýaşly Tom Enoh bolsa, fitness ugrundan 24 rekord gazanypdyr. Kaliforniýada ýaşaýan 14 ýaşly Amir Menendez “iň uzyn afro saçly erkek” bolupdyr.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň iň gymmat uniwersitetleri
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
Sanlylaşdyrmak ykdysadyýeti durnukly ösdürmegiň netijeli guraly
Sanly ykdysadyýet kuwwatly ulgam
Mugallymsyz synp açyldy
Bogun agyrylary üçin tebigy maslahatlary