Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda, geljegi öňden nazarlan, akyldar, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentden tutulyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde dabaraly, gyzykly çäreler geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi, türkmene mahsus beýik ynsan häsiýetlerini özünde jemleýän şygyrlary aýdym bolup halkyň kalbynda ýaňlanýar.
Milli-ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýan döwrümizde taryhy we medeni mirasyň mekany bolan muzeýler milli mirasymyzyň gymmatyny ýokarlandyrmak, halka ýetirmek ugrunda talabalaýyk işleri alyp barýar.Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp medeniýet işgärleri we talyp ýaşlar bilen geçirilen Giňdir Älem ýaly şygryýet çygry atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspirantura bölüminiň baş hünärmeni Muhammet Jemilowyň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Güljemal Gummanowanyň, Türkmenistanyň halk artistleri Suhan Orazberdiýewiň, Atajan Berdiýewiň hem-de muzeýiň bölüm müdiri Enebaý Amanberdiýewanyň gatnaşmaklarynda Beýik akyldaryň adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar, sylag-hormat hakynda ýazan şygyrlary barada beren gürrüňleri ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Akyldar şahyrymyzyň maşgala gatnaşyklary, söýgi, dostluk dogrusynda ýazan setirleri barada Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň sorag-jogap söhbetdeşligi has-da gyzykly boldy. Şeýle-de sungat mekdebiniň orkestriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň halk artistleri Suhan Orazberdiýewiň, Atajan Berdiýewiň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary söhbetdeşligiň joşgunyny belende göterdi.
Türkmen halky Magtymguly Pyraga mähekdaşy hökmünde garaýar. Şahyryň ýaşan ömründen üç asyra golaý wagt geçse-de ol halkyň kalbynda ebedi ýaşaýar. Şahyryň islendik goşgy setirlerini alsaň hem durmuş baradaky çuňňur pelsepeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň.
Milli sungatymyzyň görnükli bagşylarynyň Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinden dörän aýdymlary halkyň aňynda uly täsir galdyryp, ýüreklerde baky orun alýar. Giňdir Älem ýaly şygryýet çygry atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag teleýaýlymynyň taýýarlamagynda teleýazgy edildi.