Gid-ýolbeletler üçin hünär synagyndan geçmegiň tertibi tassyklandy, Wan kölüniň düýbünde gadymy türkmen şäherçesiniň harabalyklary tapyldy, Merw AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar

Gid-ýolbeletler üçin hünär synagyndan geçmegiň tertibi tassyklandy, Wan kölüniň düýbünde gadymy türkmen şäherçesiniň harabalyklary tapyldy, Merw AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi syýahatçylyk boýunça gid-terjimeçileriň (ýolbeletleriň) we instruktorlaryň hünär synagynyň şertlerini, hünär synagyndan geçmegiň we hünär resminamasynyň berilmeginiň tertibini tassyklady.Degişli resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alyndy.

Buýruga laýyklykda, gid-terjimeçiniň (ýolbelediň) we instruktoryň hyzmatlaryny etmegi niýet edinýän fiziki şahs hünär synagyndan geçmelidir.Hünär synagyny üstünlikli tabşyran adamlara hünär resminamasy 3 (üç) ýyl möhlet bilen berilýär.

Hünär resminamasy Türkmenistanyň kanunçylyga laýyklykda gid-terjimeçiniň (ýolbelediň) we instruktoryň hyzmatlaryny etmek hukugyny berýär.

2. Suwasty arheologlar Wan kölüniň 23 metr çuňlugynda örän geň şäherçäni tapdylar. Şäherçäniň golaýynda mazar daşlarynyň käbiri hristian haçlary, käbiri bolsa iň gadymy 24 türkmen taýpasynyň biri bolan gaýy taýpasynyň tagmalary bilen belgilenen gonamçylyk tapyldy. Rowaýatlara görä, gaýy taýpasy ähli türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hanyň oglundan gaýdýar.

3. Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Guwlyduz kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 57,5 müň tonnadan geçdi. Bu bolsa göz öňünde tutulan meýilnamadan 104 göterim artykdyr. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan geçýän kärhana ýokary hil ülňülerine laýyklykda, ýodlaşdyrylan nahar duzuny çykarýar, ol sebitde birinji, dünýäde bolsa dördünji orunda durýandyr.

4. BMG Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine umumy bahasy 200 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny berdi. Derman serişdeleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan paýtagtyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynyň arasynda paýlanar.

5. Astrahanda Hazar möwsümleri 2023 atly halkara nusgawy sungat festiwalynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň kompozitorlarynyň ilkinji halkara forumynyň açylyşy bolar. Forumda Türkmenistana Ýewraziýa kompozitorlar bileleşiginiň türkmen sebiti bölüminiň başlygy, Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy atly Moskwa halkara sungat festiwalynyň sungat müdiri (art-direktory), kompozitor Mämmet Huseýinow wekilçilik eder.

6. Daşoguz welaýatdaky Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatryň işgärleri Jadyly söz atly çagalar üçin täze aýdym-sazly ertekini sahnalaşdyrmak boýunça işe başladylar. Täze spektakl çagalary ertekiler dünýäsine alyp barýar we sahnadaky wakalara döw, owlajyk, möjek, tilki ýaly haýwanlar hem-de baş gahryman Batyr çopan gatnaşýar. Spektakl dramaturg Aýmämmet Işangulyýewyň adybir pýesasy esasynda taýýarlanylýar

Dünýäde

7.Gazli Gas Storage Bilelikdäki Özbek-Russiýa kärhanasy Buhara sebitindäki Özbegistanyň iň uly ýerasty gaz saklaýyş desgasy Gazliniň kuwwatyny has-da artdyrmagy meýilleşdirýär. 2025-nji ýyla çenli ammardaky gaz ätiýaçlyklary 10 milliard kub metre çenli artdyrylar, bu bolsa häzirki wagtdakydan 2 esse köpdür.

Saklanýan gazyň mukdaryny artdyrmak boýunça işler iki tapgyrda amala aşyrylar.Taslamany durmuşa geçirmegiň bahasy 850 million dollar diýlip çaklanylýar.

8. Ogaýo ştatynyň Uniwersitetiniň Weksner Lukmançylyk merkeziniň we Lukmançylyk kollejiniň alymlary arakhorluga garşy sanjym döredendiklerini yglan etdiler. Bu serişde bedene bir gezek sanjym edilýän we beýnidäki dofaminiň derejesini dikeldýän gen dermanydyr.

Sport habarlary

9.Türkmenistanyň Merw futbol topary AFK Kubogynyň Merkezi zolakdaky saýlama duşuşygynda Täjigistanyň Hujand toparyndan üstün çykdy. 54-nji minutda Myrat Ýagşyýew hasaby açan bolsa, 79-njy minutda ýer eýelerinden Parwiz Bokiýew hasaby deňledi, goşmaça wagtda Myrat Öwezmyradowyň kellesi bilen geçiren pökgüsi Merwe ýeňiş getirdi. Şeýlelikde, Witaliý Alikperowyň şägirtleri Merkezi zolagyň toparçalaýyn tapgyryna çykmaga hukuk gazandylar.

Bu tapgyrda oňa Rawşan, Altyn asyr we Abdyş-Ata toparlary bilen duşuşyklar garaşýar.Toparçalaýyn tapgyr 20-nji sentýabrda başlanyp, 14-nji dekabrda tamamlanar.Bu toparçadan indiki tapgyra gatnaşmaga diňe birinji orny eýelän topar hukuk gazanar.

10.Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Gonkongyň Kiçi toparynyň ýyldyz ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow möwsümiň ilkinji oýnunyň özünde galdyran täsirlerini paýlaşdy, bu duşuşykda ol iki ýardam pasyny berdi we toparyna Taýpodan 3-0 hasabynda üstün çykmaga kömek etdi.

Türkmenportal internet neşiriniň habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde futbolçy möwsümdäki maksatlary, täze topardaş ýoldaşlary we ýakyn wagtda geçiriljek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň bije çekişligi barada gürrüň berdi.Mingazow Gonkongda çempionlygy gazanmagyň we Türkmenistanyň milli ýygyndysynda oýnamagyň möwsümdäki esasy maksatlarydygyny belledi. Şeýle hem Ruslan Türkmenistanda geçiren dynç alyşynyň, onuň dowamynda maşgalasy we dostlary bilen wagt geçirmeginiň güýjüni täzeden dikeltmegine hem-de täze üstünlikleri gazanmaga ruhlanmagyna kömek edendigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Kitçiniň Atletiko Madrid bilen geçiren duşuşygynda Ruslan Mingazow 100 göterimlik netije görkezdi
Mingazow Gonkongyň çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji goluny geçirdi
Tälimçileriň PRO derejeli okuwçy Aşgabat stadionynda dowam etdi
Budapeştde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wengriýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi, Jo Baýden Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny ABŞ-da geçiriljek sammite çagyrdy we beýleki habarlar
Wepa Jumaýew näme üçin milli ýygynda çagyrylmady? Baş tälimçi jogap berdi
Gonkong neşiri Ruslan Mingazow bilen söhbetdeşligi çap etdi