Dünýäde gibrid we elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň satuwynyň barha artýandygy mälim edildi.Geçen aý şeýle ulaglaryň satuwy 35 göterim artyp, 1,72 milliona ýetdi.Bu barada Rho Motion maslahat beriş kompaniýasy mälim etdi.
Iňlis kompaniýasynyň maglumatyna görä, oktýabrda satylan gibrid we elektroulaglaryň sany sentýabr aýyndakydan 50 müň sany köp bolupdyr. Şeýlelikde, ýylyň onunjy aýynda täze rekord hasaba alnypdyr.Bu ulaglaryň satuwy, esasan, Hytaýda amala aşyrylypdyr.
Dünýäniň iň uly awtoulag bazary bolan Hytaýda 1,2 million elektroulag satylypdyr.Bu görkeziji Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda hem-de Angliýada 0,8 göterim ýokarlanyp, 260 müňe ýetipdir. Şeýle hem ýylyň başyndan bäri jemi elektroulag satuwy 24 göterim artyp, 13,3 milliona ýetipdir.
Maslahat beriş kompaniýasynyň bilermenleri elektroulag satuwynyň artyşynyň ýylyň ahyryna çenli dowam etjekdigini belleýärler.Ybraýymmuhammet KÖLLIÝEW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. /* custom css */ .td_uid_15_67373a1693cff_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67373a1693cff_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }