Gibrid ulaglaryň sany artýar

Häzirki wagtda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary satuwy artýan hem bolsa, gymmatdygy sebäpli hemmeler üçin elýeterli däl.Köp adam bolsa, tok bilen işleýän ulagyň ygtybarlydygyna güman edýär.

Ulanyjylary bilen geçirilen pikir soraşmada adamlaryň gibrid ulaglara has ygtybarly hasaplaýandygy anyklandy. Şeýlelikde, köp adamyň diňe benzinli ýa-da diňe tokly däl, ikisi bilen hem işleýän gibrid ulaglara ynam bildirýändigi anyklandy.

Mundan başga-da şäher ýerlerinde sürmäge niýetlenen jip hasaplanýan SUV ulaglary hem ygtybarly ulag hasaplanýar.Pikir soraşmada “Ford Maverick”, “Lexus NX” we “Toyota Corolla” ýaly belli modeller hem öňdäki orunlara çykdy.

Bu ulaglara ýangyjy tygşytlaýan hem-de ygtybarly diýlip baha berildi.

Müşderiler BMW, “Mercedes”, “Ram” we beýleki kuwwatly ulaglaryň gibrid görnüşleriniň ikinji motorynyň ýangyç tygşytlamak üçin däl-de olaryň kuwwatyny artdyrmak üçin oturdylandygyny aýdýarlar.

Gurbanbaý Gurbanbaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Täze nesil Lexus LX SUV awtoulagy 14-nji oktýabrda tanyşdyrylar
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Lexus-yň BMW M3-e bäsdeşi öňküsindenem kuwwatlandy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar
Türkmenistanda ogul atasynyň ornuny alýar