Pireneý ýarym adasynyň günortasyndaky Beýik Britaniýanyň deňziň içindäki çäkleri bolan Gibraltar, awgust aýynda britan şäherleriniň resmi sanawyna girizildi. Emma oňa şäher derejesi 180 ýyl mundan ozal 1842-nji ýylda berlipdi. Bu barada “Guardian” gazeti habar berýär.
Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Boris Jonson bu wakany Gibraltaryň “baý taryhyna we depginli ösüşine ýokary baha” diýip atlandyrdy.
Şu ýylyň başynda Gibraltar Ýelizaweta II tagtda bolmagynyň platina ýubileýiniň dabaralarynyň çäginde şäher statusyna eýe bolmak maksady bilen ýüz tutan 39 şäheriň arasynda bardy.Dalaşgärler medeni mirasynyň, ýerli jemgyýetleriň ösüşiniň bu derejä laýykdygyny subut etmeli boldular. Şeýle-de bolsa, Gibraltaryň teklibi berjaý edilmedi.
Taryhy adalat diňe Beýik Britaniýanyň Milli arhiwiniň resminamalary öwrenilenden soň dikeldildi.Adatça, Breýik Britaniýada şäher derejesi, soborlaryň, uniwersitetleriň ýa-da köp sanly ýaşaýjylaryň bolmagy bilen baglanyşykly bolup, şeýle derejä eýe bolmak üçin takyk düzgün ýok. Şäher statusy ministrleriň maslahaty esasynda monarh tarapyndan berilýär.
Ol aýratyn artykmaçlyklary bermeýär, diňe abraýyny artdyryp, maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýär.Gibraltar 1713-nji ýylda Beýik Britaniýa resmi taýdan birikdirildi.