Gezelenç etmeli iň gowy ýerler

National Geographic žurnaly 2025-nji ýylda gezelenç etmek üçin iň gowy ýerleriň sanawyny taýýarlady.Sanawyň başynda Bosniýa we Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo şäheri bar. Şäher baý milli baýlyklary we taryhy mirasy bilen şeýle derejä mynasyp görlüpdir.

Neşiriň bu baradaky habarynda birnäçe asyrlyk taryhy we tebigy gözellikleri özünde jemleýän paýtagtyň şeýle halanmagyna haýran galmagyň zerurlygynyň ýokdugy aýdylýar.Habarda şäherde görülmeli ýerleriň arasynda ýerli dükanlaryň bardygy bellenilip, şäheriň içinden geçýän Milýaska derýasynyň kenarynda gezelenç etmek maslahat berilýär.

Neşir tarapyndan geçirilen ses berişlikde Wýetnamyň Hoşimin, ABŞ-nyň Täze Orlean, Perunyň Kusko, Meksikanyň Gwadalahara, Ýaponiýanyň Kanadzawa şäheri we beýleki ýerler bar. Mundan başga-da, sanawa tokaý, derýa, ada we jülge ýaly tebigy ýerler hem girizilipdir. Neşir okyjylaryna Singapur, Malaýziýa we Tailanddan geçýän Eastern and Oriental Express otly arkaly hem syýahat edip görmegi teklip edýär.

Oraznabat AGAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 68-nji orta mekdebiň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar
“Türkmenhowaýollary” täze Boingleri satyn alýar, emma içerki gatnawlary kemeldýär
Türkmenistan awiakompaniýasy Günorta-Gündogar Aziýa we Arabystan ýarym adasy ýurtlaryna gatnawlary açýar
Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynyň bijeleri çekildi
Dünýäniň has ösen innowasion banklary