GEZEGEN FUTBOLÇYLAR

REKORDA 3 KLUB GALDYUrugwaýly Sebastian Abreu häzirki wagtda futbolyň jahankeşdesi, syýahatçysy, gezegeni hasaplanýar. 42 ýaşyna golaýlap barýan goragçy golaýda karýerasyndaky 27-nji kluby bilen şertnama baglaşdy.

Ol Çiliniň 2-nji ligasynyň kluby “Deportes Magallanesiň” düzümine goşuldy.Milli toparda 70 oýun geçiren Abreunyň käbir klublar bilen 23, hatda 4 gezek şertnama baglaşan ýyllary hem boldy. 1995-nji ýylda ýurdunyň “Defensor” toparynda futbola başlan Abreu şu wagta çenli 11 ýurtda (Urugwaý, Argentina, Ispaniýa, Çili, Ysraýyl, Gresiýa, Braziliýa, Meksika, Ekwador, Paragwaý, Salwador) çykyş edip, bu görkezijide iň öňdäki futbolçy hasaplanýar.

Ol “Nasional”, “Kruz Azul”, “San Lorenzo” ýaly klublara ikilenç barybam, şol toparlaryň köýnekçesini geýdi.Abreu professional derejedäki 27 klubuň köýnekçesini geýen ilkinji futbolçy bolsa-da, ol häzirlikçe umumylykda iň köp klubda oýnan oýunçy rekordynyň eýesi däl.

Ol bu ugurda rekordy öz adyna geçirmek üçin ýene-de 3 klubda oýnamaly bolar.Belki-de ol karýerasyny rekord goýanyndan soň tamamlar.Elbetde, muny bolsa, wagt görkezer.

29 KLUBDA OÝNADYLARIň köp klubda çykyş etmek ugrunda rekordy iki iňlis futbolçy paýlaşýar.Ozalky futbolçylar Trewor Benžamin bilen Jon Burrij professional derejedäki 29 klubuň köýnekçesini geýipdir.ler Ilki Jon Burrij barada aýtsak, 19691997-nji ýyllar aralygynda 30 ýyla golaý dowam eden karýerasynda jemi 29 klubda çykyş edýär.

Derwezeçi bolan Jon Burrij Angliýanyň hem-de Şotlandiýanyň 29 klubunda 771 duşuşyk geçirdi.Workingtonda futbola başlan Burrij şol 29 klubuň käbirlerinde 1 gezek hem çykyş etmedi. Şol 29 klubuň käbirleri liga derejesinde bolmadyk, başgaça aýdylanda, juda aşaky ligalaryň toparlarydyr. 1951-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Workington şäherinde dünýä inen Burrijiň çykyş eden klublarynyň arasynda “Blekpul”, “Aston Willa”, “Kristal Palas”, KPR, “Wolwerhempton”, “Şeffild Ýunaýted”, “Southempton”, “Derbi Kaunti”, “Hibernian”, “Nýukasl”, “Mançester Siti” ýaly belli-belli toparlar hem bar.

Ol ady agzalan klublaryň köpüsinde 60-dan gowrak duşuşyk geçirdi.Burrij 1 gezegem milli ýygyndyň köýnekçesini gýmedi.* * *Burrijiň rekordyny ol futboly taşlan ýyllarynda futbola başlan başga bir iňlis oýunçysy Trewor Benžamin gaýtalady. 1979-njy ýylyň 8-nji fewralynda Angliýanyň Kettering şäherinde doglan Trewor Benžamin meýdançada hüjümçi bolup çykyş etdi.

Ol 19952000-nji ýyllarda “Kembrij Ýunaýtedde” futbola başlady.Bu klubda 123 oýunda 35 gol geçiren Benžamin ondan soň, “Lester Siti” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.Göräýmäge az klubda oýnajak ýaly başlan karýerasyny jemi 29 klub bilen tamamlady. 2012-nji ýylda futboly taşlan Benžamin 12 ýylda 28 klubuň köýnekçesini geýdi.

Käbir möwsümde 23 klubda oýnan Trewor Benžamin 450-ä golaý oýunda 100-den gowrak gol geçirdi.Edil Jon Burrij ýaly Trewor Benžaminiň hem oýnan toparlarynyň deň ýaryna golaýy zolaklaýyn aşaky ligalaryň klublarydyr.

Diňe 3 möwsüm “Premier ligada” oýnan Benžamin şertnama baglaşan klublarynyň ählisinde-de azyndan 1 duşuşyk geçirdi.Angliýanyň 21 ýaşa çenlileriniň milli ýygyndysynda 1 oýun oýnan Benžamin Ýamaýkanyň milli toparynyň-da köýnekçesini 2 gezek geýdi.

GEZEGEN ÝEWROPALYPortugaliýaly Abel Şawieri (asly mozambikli) tanamaýan futbol janköýeri az-az bolsa gerek.Aýratynam, agymtyk-sargylt saçy we sakgaly bilen hemmäniň ünsüni çeken bu futbolçy 2000-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň ýarym finalynda-da toparynyň ýeňilmegine gönümel sebäp bolupdy.

Ol Portugaliýa bilen Fransiýanyň arasyndaky ýarym finalda goşmaça wagtyň-da ahyrlarynda jerime meýdançasynyň içinde topa elini degripdi. Şondan soňam Zinedin Zidan penaltini dürs ýerine ýetirip, Fransiýany “Altyn gol” bilen finala çykarypdy.

Abel Şawieriň iň esasy aýratynlygy-da 8 dürli çempionatda çykyş eden ýeke-täk ýewropaly futbolçy bolmagydyr.Ol 1990-njy ýyldan başlap, 2008-nji ýylda-da tamamlan karýerasynda 12 klubda oýnady. 46 ýaşap barýan futbolçy Portugaliýada “Eştrela de Amadora” (199093), “Benfika” (199395), Italiýada “Bari” (199596), “Roma” (2005), Ispaniýada “Real Owiedo” (199698), Gollandiýada PSW (199899), Angliýada “Ewerton” (19992002), “Liwerpul” (200203), “Midlsbro” (200507), Türkiýede “Galatasaraý” (2003), Germaniýada “Hannower” (200304) hem-de ABŞ-da “LA Galaksi” (200708) toparlarynda oýnady.

Milli ýygyndyda hem 20 duşuşyk geçiren Şawier klublarda 396 oýunda 15 gezek tapawutlandy.Häzirki wagtda Şawier dogduk mekany Mozambigiň milli ýygyndysyna tälim berýär.Yslam dinini saýlan Şawier Mozambigiň ýygyndysyndan ozalam “Olhanense”, “Farense”, “Aweş” ýaly klublarda gysga möhletlik tälimçilik etdi.

Abel Şawier karýerasy boýunça “Benfika” bilen diňe 1 gezek çempionlyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Urugwaýly futbolçynyň 26-njy topary
Makron: "Eýranda tussag edilen 2 fransuz azat edildi" diýdi
Transfer täzelikleri
“Blade Runner 2049”
Iň gymmat goragçy
Dünýä Kubogyna 54 gün galdy