
Türkmenistandan bolan 23 ýaşly geý Maksat (ady üýtgedildi) Orsýetde okaýardy. Şol ýerde hem oňa WIÇ-infeksiýasy ýokuşdy.Onuň deportasiýa edilmegine garaşyp durmazdan, okuwdan çykaryp, öz ýurduna ugratdylar, sebäbi WIÇ-infeksiýasy položitel netije görkezen daşary ýurtly Russiýada ýaşap bilmeýär.
Maksat Aşgabatda işe ýerleşdi.Paýtagtda WIÇ/SPID profilaktika Merkezi bolsa-da, gorkujyna bir ýarym aýlap wraça görnüp bilmedi.Türkmenistanda WIÇ-infeksiýasy bilen kesellän ýok diýilýär, häzire çenli ýurtda WIÇ-infeksiýasy diňe iki adamda aýan edildi.